Nissan täze Leaf we Micra modellerini tanyşdyrdy

  • 29.03.2025 11:08
  • 2.4k+

Nissan ýapon awtoulag öndürijisi krossower görnüşindäki täze «Leaf-iň», täze nesil «Micra» şäher awtoulagynyň we e-Power gibrid ulgamy bolan, täzelenen «Qashqai» modeliniň çykaryljakdygyny mälim etdi. Kompaniýa Ýewropada dört sany elektrokary, Demirgazyk Amerikada bolsa 10 sany täze we täzelenen modeli hödürlär diýip, «The Independent» neşiri habar berýär.

2025-nji ýylyň ahyryna çenli Ýewropada üçünji nesil «Leaf» peýda bolar. Bu model «Ariya» bilen birmeňzeş CMF-EV platformasynda gurlan elektrikli krossower bolup, Angliýada öndüriler. Şeýle-de düýbünden täzelenen «Micra» tanyşdyrylar. Bu şäher awtoulagy «Renault R5» bilen birleşdiriler. Ol 40 we 52 kilowat-sagat göwrümli batareýalar bilen enjamlaşdyrylar we bir gezeklik zarýad bilen 400 kilometre çenli ýol geçer.
Täze nesil «Juke» elektrikli hereketlendirijä geçer we «Hyper Punk» konseptine esaslanar. Şeýle hem e-Power ulgamy bolan täze «Qashqai» hödürlener. Onuň gibrid ulgamy 1.5 litrlik turbo dwigatel esasynda işleýär we doly elektrikli ulgam bilen utgaşdyrylýar. Geljekde bu tehnologiýa miniwenlerde we ABŞ-daky «Rogue» modelinde-de ulanylar.


ABŞ we Kanada üçin Infiniti brendiniňkileri hem hasaba almak bilen, jemi 10 sany täze we täzelenen model taýýarlanyldy. Olaryň arasynda täze nesil «Sentra», keşbi täzelenen «Pathfinder» we «QX60» modelleri, Nissan-yň ýolsuz ýerler üçin niýetlenen «hadysaly» elektrik awtoulagy hem-de «Vision Qxe» konseptine esaslanýan Infiniti krossoweri bar. Şeýle-de uly «QX80» modeli şu ýyl sport paketi bilen çykarylar, 2026-njy ýylda bolsa «QX65» kupe-krossoweri tanyşdyrylar.
Latyn Amerikasynda täze ýolagçy awtoulagy we orta ölçegli «Frontier/Navara» pikaby çykarylar. Şeýle hem Hindistan, Ýakyn Gündogar, Okeaniýa we Afrika üçin täze modelleri çykarmak meýilleşdirilýär.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....