Netflix-de «Skubi-Du» serialy görkeziler

  • 29.03.2025 11:39
  • 2.5k+

Netflix-de «Skubi-Du» serialy görkeziler. Ol sekiz bölümden ybarat bolar diýip, «Variety» neşiri ýazýar.

Serialyň ssenariçileri we şourannerleri Joş Appelbaum bilen Skott Rozenberg bolar. Olar şol bir wagtda, Midnight Radio-dan Andre Nemek we Jeff Pinkner bilen bilelikde ýerine ýetiriji prodýuserler bolup hem çykyş ederler. Täze serial meşhur multserialyň döwrebap täzeden düşündirilişi bolar we «Mystery Inc.» toparynyň öz söýgüli itleri bilen ilkinji gezek nädip birleşendigi barada gürrüň berler.

«Soňky tomusky dynç alyş lagerinde köne dostlar Şeggi bilen Dafna, ýeke galan we ýiten greýtdaun tohumly güjük bilen baglanyşykly syrly wakanyň içine düşýärler, bu güjük adatdan daşary jenaýatyň şaýady bolandyr öýdülýär. Pragmatik we köp kitap okaýan Welma hem-de täze gelen geň, ýöne gaty görmegeý Freddi bilen bilelikde olar bu meseläni çözmäge synanyşýarlar. Emma olar barlag geçirenlerinde, bu iş olaryň her birini elhenç düýş ýaly ýagdaýyň içine iterýär we olaryň ähli gizlinliklerini paş etmek howpuny döredýär» — diýip, resmi beýannamada aýdylýar.

Netflix bu serial hakda ilkinji gezek 2024-nji ýylyň aprel aýynda habar berdi we şol wagt ssenariý işlerine başlanylandygyny mälim edilipdi.

«Mystery Inc. ýene iş başynda! Biz „Skubi-Du“ serialyny ilkinji gezek janly aktýorlar bilen tomaşaçylara hödürleýändigimize diýseň begenýäris» — diýip, Netflix-iň ssenariýli seriallar boýunça wise-prezidenti Piter Fridlander aýtdy.


düýn 09:56
1.8k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.4k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......