Marvel «Ar alyjylar: Kyýamat güni» filmi üçin ýyldyz aktýorlar düzümini jemledi

  • 29.03.2025 08:47
  • 6k+

Marvel kinostudiýasy «Ar alyjylar: Kyýamat güni» (Мстители: Судный день) filminiň aktýorlar düzümini yglan etdi. Olaryň atlary kinostudiýanyň YouTube kanalyndaky göni ýaýlymynda mälim edildi. Taslamanyň artistleriniň atlary görkezilen wideolar hem kinofranşizanyň X sosial torundaky resmi hasabynda ýerleşdirildi. Deadline neşiriniň habar bermegine görä, bu görkeziliş umumylykda 275 mln tomaşa aldy we 3,1 mln gezek sosial ulgamlarda agzalyp geçildi. Munuň özi Marvel üçin san görkezijileri babatda absolýut rekord.

Kinoälemden öňden tanyş atlaryň arasynda Kris Hemswort (Tor), Entoni Maki (Sem Uilson/Kapitan Amerika), Sebastýan Sten (Baki Barns), Pol Radd (Garynja adam), Tom Hiddlston (Loki) dagy bar. Aktýorlar düzümine Robert Dauni-kiçi (bu gezek antagonist Doktor Dumuň keşbinde), Çenning Tatum, Pedro Paskal, Jeýms Marsden, Ien MakKellen we Patrik Stýuart dagylar hem goşular.
Ar alyjylara ilkinji gezek Wanessa Kirbi (Sýu Ştorm), Letisiýa Raýt (Şuri), Uaýatt Rassel (ABŞ-nyň agenti), Ebon Moss-Bahrah (Jandar), Lýu Symu (Şang-Çi) we Florens Pýu (Gara dul Ýelena Belowa) dagylar goşular. Şeýle-de filmde Tenoç Uerta (Namor) we Lýuis Pullman (Sakçy) hem peýda bolar.
2024-nji ýylyň iýul aýynda San-Diegodaky (ABŞ) Comic-Con-da Dauni-kiçi Doktor Dumuň keşbinde sahnada görnüpdi. «Täze maska, şol bir maksat» — diýip, ol şol wagt tomaşaçylara aýdypdy.
Filmiň režissýorlary hökmünde «Gyş esgeri» (Зимний солдат) we «Ilkinji ar alyjy: Garşy duruş» (Первый мститель: Противостояние) filmlerinde işlän doganlar Jo we Entoni Russo çykyş eder.
Marvel mundan başga-da iki sany filmi taýýarlaýar: «Gök gürledijiler» (Громовержцы) 2025-nji ýylyň 2-nji maýynda çykar, «Fantastiki dörtlük: Ilkinji ädimler» (Фантастической четверки: Первые шаги) bolsa 2025-nji ýylyň 25-nji iýulynda görkeziler.
«Ar alyjylar: Kyýamat güni» filminiň premýerasy 2026-njy ýylyň 1-nji maýyna meýilleşdirilýär.


şu gün 07:46
487

Netflix-iň «Skubi-Du» serialynyň ilkinji tizeri çykdy

Netflix onlaýn kinoteatry «Skubi-Du: Başlangyç» (Scooby-Doo: The Beginning) serialynyň ilkinji resmi tizerini tanyşdyrdy. Wideo YouTube platformasynda ýerleşdirildi....

düýn 12:24
1k+

80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesi yglan edildi

Guramaçylar 80-nji Kann kinofestiwalynyň geçiriljek senesini yglan etdiler. Dünýäniň iň uly kino forumlarynyň biri 2027-nji ýylyň 11-22-nji maýy aralygynda Gök Kenarda geçiriler....

düýn 08:41
1.3k+

"Super Mario: Galaktiki kino" 2026-njy ýylda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanan ilkinji film boldy

«Super Mario: Galaktiki kino» multfilmi dünýä prokatynda 1 milliard dollardan gowrak girdeji gazanyp, bu sepgide ýeten 2026-njy ýylyň ilkinji filmi boldy....

07.06.2026 11:02
10k+

UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra öz güýjüni aktýor hökmünde synap gördi

Iki agram derejesinde UFC-niň öňki çempiony Aleks Pereýra ilkinji gezek doly metražly çeper filmde peýda bolar....