Günorta Koreýada şekilini üýtgedip, ses çykaryp bilýän OLED displeýi döredildi

  • 29.03.2025 16:24
  • 5.8k+

Phohan ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň (POSTECH) günorta koreýaly inženerleri şekilini üýtgedip we ses çykaryp bilýän täze OLED displeýini hödürledi. Ol barada Flexible Electronics žurnalynda gürrüň berildi diýip, TechXplore habar berýär.

Inženerler elektrik togunyň täsiri bilen displeýiň şekilini üýtgedýän ultra-inçe polimer herekete geçirijisini döretdi. Ol çukanak, güberçek ýaly ýönekeý şekiller bilen bir hatarda S şekiline ýa-da tolkun görnüşli şekile-de eýe bolup bilýär.
Şarnirleri we motorly mehanizmleri ulanýan bar bolan çeýe displeýlerden tapawutlylykda, täze ekran diňe elektrik signallarynyň hasabyna şekilini üýtgedýär. Bu hem ony inçe, ýeňil we çeýe edýär.
Şeýle-de, displeý ses çykaryp bilýär: polimer herekete getirijisi ýokary ýygylykly signallaryň täsiri astynda wibrasiýa berip, ekrany dinamige öwürýär. Şeýlelik bilen, şeýle displeýli smartfonlar adaty dinamikden ýüz öwrüp biler.

“Biz OLED displeýlerini gymmatly edýän zatlaryň ählisini – olaryň çeýeligini, inçeligini we ýeňilligini sakladyk, ýöne olara şekilini üýtgetmek we ses çykarmak mümkinçiligini goşduk. Bu adaptiw we janly ekranlara tarap ilkinji ädim” – diýip, professor Su Sok Çhoý belledi. 


17.05.2026 11:49
2.6k+

Täze ýüpek materialy 6G tehnologiýasynda ulanmak  teklip edildi 

Barlagçylar 6G ulgamlarynda, sensorlarda we telekommunikasiýa böleklerinde ulanylyp bilinjek täze, ýüpek esasly material işläp düzdüler. Bu tehnologiýanyň dokma galyndylaryny azaltmakda hem peýdalydygy göz......

16.05.2026 07:49
1.6k+

Seulda robot şüweleňleri we emeli aň attraksionlary bolan täze seýilgäh açyldy

Günorta Koreýanyň paýtagty Seul şäherinde «Galaxy Robot Park» atly täze göwün açyş seýilgähi işe başlady. Bu ýerde gelýänlere adampisint robotlaryň şüweleňi, K-pop konsertleri we çagalar hem-de maşgalalar üçin......

10.05.2026 20:12
5.6k+

Günorta Koreýada robot ilkinji gezek budda keşişi hökmünde kabul edildi

Golaýda Seulyň Çoge Ordeniniň ybadathanasynda täsin dabara boldy. Günorta Koreýanyň 1200 ýyllyk taryhy bolan iň iri dini jemgyýetiniň hataryna ilkinji gezek adampisint robot resmi taýdan keşiş hökmünde kabul......

26.04.2026 09:45
5.2k+

Bilermenler emeli aň modelleriniň medeni tarapgöýlügine ünsi çekýärler

Emeli aň gündelik durmuşymyzda maglumat gözlemekden başlap, resminamalary taýýarlamaga çenli örän işjeň ulanylýar. Emma bilermenler köp adamyň üns bermeýän bir möhüm meselesine ünsi çekmek bilen, bu ulgamlaryň......