“Prada geýen melgun” filmindäki öý 8,95 mln dollara satylýar

  • 29.03.2025 06:24
  • 2.4k+

Nýu-Ýorkda “Prada geýen melgun” (Дьявол носит Prada) filminden sahnalaryň düşürilen öýi satlyga çykaryldy. Onuň bahasy 8,95 mln dollara barabar diýip, Mansion Global habar berýär.

Bu öý geçen ýylyň oktýabr aýynda eýýäm 8,99 mln dollar baha bilen bazara çykypdy, ýöne şol wagt alyjy tapylmady. Indi satyjylar bahany 40 müň dollar arzanlatmak kararyna geldi.
Bu öý Soho sebitinde Krosbi-stritdäki alty gatly jaýyň ikinji gatynda ýerleşýär. 2006-njy ýylyň belli filminde bu ýerde “Podium” žurnalynyň baş redaktory wezipesine dalaş eden modelýer Jeýms Holt ýaşady. Onuň keşbini Deniel Sunjata ýerine ýetirdi. Filmiň muşdaklaryna bu öý Enn Heteueýiň personažy Endiniň öz söýgülisi Kristian Tompson (Saýmon Baýker) bilen duşuşýan oturylyşyk agşamynyň sahnasy bilen bellidir.
Bina 1900-nji ýylda guruldy we ilkibaşda dükan, soňra ammar hökmünde ulanyldy. 1999-njy ýylda ol dokuz öýli ýaşaýyş jaýyna öwrüldi.
Öýüň meýdany 334,4 inedördül metr. Onda iki ýatylýan otag, iki wanna otagy, sauna, şeýle-de açyk aşhana bar. Mezonin derejesinde öý sport zaly we çakyr ýerzemini bar.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......