Norbauer 3600 dollardan kaşaň we “akyla sygmajak” klawiaturany çykardy

  • 29.03.2025 06:29
  • 4.3k+

Norbauer  kompaniýasy 3600 dollardan Seneka mehaniki klawiaturasyny hödürledi.

Şeýle klawiaturalaryň her biri bir ussa tarapyndan elde ýygnalýar. Onda 682 sany ýörite taýýarlanan bölekler ulanylýar.
Enjam ýaponlaryň 40 ýyl ozalky ösüşlerinden ruhlanan kuwwatly tehnologiýa esaslanýar. Onuň elastomer gümmezleri rahat basylýar, ýakymly jogap berýär we çuňňur ses çykarýar.

Seneka-nyň dizaýny XX asyryň ortalaryndaky stili 80-nji we 90-njy ýyllaryň elementleri bilen utgaşdyrýar.
Kompaniýany esaslandyryjy Raýan Norbauer klawiaturany "çakdanaşa kaşaň" we "akyla sygmajak" diýip atlandyrdy. Şol bir wagtyň özünde, onuň alyjylaryny tapjakdygyna şübhelenmeýär.

düýn 23:12
1.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......