ABŞ-da 1,3 million Ford F-150 barlanylýar: olar tizligini birdenkä düşürip biler

  • 29.03.2025 05:40
  • 3.3k+

ABŞ-nyň Ýol hereketiniň howpsuzlygy boýunça milli edarasy (NHTSA) «Ford F-150» kysymly 1,3 million sany pikaby öz içine alýan derňew işine başlady. Muňa 2015-2017-nji ýyllarda öndürilen modelleriň eýeleriniň 138-siniň awtomatiki karobkanyň näsaz işleýändigi baradaky arz-şikaýatlary sebäp boldy.

«Reuters» agentliginiň habaryna görä, ulag ýolda barýan wagty, karobkasy öz-özünden birinji peredaça geçip biler. Bu ýagdaý ulagyň tizligini birdenkä pese düşürýär, şeýle-de tekerleriň gulplanmagyna hem getirip bilýär. Şikaýatçy bolan sürüjilerden biri karobkanyň hiç hili sebäpsiz altynjy peredaçadan birinjä geçendigini we «özüni aýnadan zyňylaýjak ýaly duýandygyny» aýdypdyr.
Ford bu näsazlygyň sebäplerini anyklamak üçin NHTSA bilen hyzmatdaşlyk edýändigini mälim etdi. Barlaglaryň netijesine görä, ulaglary yzyna çagyrmak boýunça karar kabul edilip-edilmeli däldigi kesgitleniler.
Geçen ýyl kompaniýa şuňa meňzeş mesele sebäpli, 2014-nji ýylda öndürilen 668 müň sany «F-150» pikabyny yzyna çagyrypdy. Indi bolsa, şol mesele täze modellerde hem ýüze çykyp dur.


düýn 19:45
821

Ford 100 km-e bary-ýogy 4,64 litr ýangyç sarp edýän we 308 at güýçli «Mondeo Sport 2026» modelini tanyşdyrdy

Ford kompaniýasy Çunsin şäherindäki awtosalonda 308 at güýjüne barabar gibrid güýç gurluşyna we 100 kilometre 4,64 litr ýangyç sarp edýän görkezijisine eýe bolan 2026-njy model ýylynyň täzelenen «Mondeo Sport»......

13.06.2026 12:31
2.5k+

Ferrari sport awtoulaglary üçin "dem alýan" wodorod bakyny patentledi

Ferrari ABŞ-da sport awtoulaglary üçin çeýe wodorod baky üçin patent hasaba aldy. Konstruksiýa ýangyç guýulýan we sarp edilýän wagty basyşa baglylykda rezerwuaryň görnüşini we göwrümini üýtgetmegi göz öňünde......

05.06.2026 15:49
4.6k+

Ford howpsuzlyk kemerindäki näsazlyk sebäpli 420 müňe golaý ulagy yzyna çagyrýar

Ford Motor kompaniýasy howpsuzlyk kemerinde ýol-ulag heläkçiliginde şikes almak howpuny ýokarlandyryp biljek kemçilik sebäpli ABŞ-da 419 967 ulagy yzyna çagyrýandygyny yglan etdi....

04.06.2026 19:03
9k+

Ferrari heläkçilikden bir sekunt öň tekerleri gyssagly aýyrmak ulgamyny patentledi

Ferrari kompaniýasy ABŞ-da gyýa öň tarapdan bolan çaknyşyklar wagtynda öňki tekerleri gözegçilik astynda aýyrmak tehnologiýasy üçin patent aldy. Bu oýlap tapyş sürüjiniň we öňdäki ýolagçynyň aýak zolagynda......