Biologlar kengurularyň näme üçin böküp hereket edýändigini düşündirdiler

  • 28.03.2025 11:18
  • 6.3k+

Alymlar kengurularyň näme sebäpden böküp hereket edýändiginiň jogabyny ýüze çykarmaga ýakynlaşdylar. Bu geň hereketiň açary müşkli kenguru alakasynyň hereketleri bilen bagly bolup biler. Bu barada awstraliýaly alymlaryň geçiren gözlegleriniň netijeleri «Australian Mammalogy» žurnalynda çap edildi diýip, «The Guardian» neşiri habar berýär.

Flinders uniwersitetiniň alymlarynyň aýtmagyna görä, kengurular we olaryň garyndaşlary bolan wallabiler – iki aýagynyň üstünde dik durup hereket edýän we agramy 5 kilogramdan geçýän ýeke-täk uly haýwanlardyr. Emma olaryň bu lokomosiýany ewolýusiýada näme sebäpden özleşdirendikleri uzak wagtlap syr bolup galypdy.
Lokomosiýa – haýwanlaryň we adamlaryň giňişlikde öz bedenleriniň ululygyndan has uzak aralyga hereket etmegidir. Muňa ýüzmek, uçmak we gury ýerdäki dürli görnüşli hereketler degişlidir.
Alymlar kengurularyň ewolýusiýasynda bir aralyk tapgyryň bolandygyny çaklaýarlar. Ynha, şol aralyk tapgyr bolsa, müşkli kenguru alakasy bolup çykdy. Bu haýwan diňe Awstraliýanyň demirgazyk-gündogaryndaky tropiki tokaýlarda ýaşaýar. Ol öz ýiti ysy bilen tapawutlanýar, şonuň üçin oňa müşkli kenguru alakasy diýilýär.
Alymlar bu alakanyň hereket ediş usulyny jikme-jik öwrendiler. Zoologlaryň sözlerine görä, müşkli kenguru alakalary bökmeýärler, olar «çapadaklap» hereket edýärler. Ýagny yzky aýaklary bilen bökýärler, emma öňdäki aýaklary hemişe ýerde galýar. Alymlaryň pikirine görä, bu hereket dört aýakda ýöremek bilen iki aýagyň üstünde bökmegiň arasyndaky geçiş tapgyrydyr.

«Belki-de ähli zadyň başy beýleki torbalylara meňzeş, dört aýagynyň üstünde hereket edýän ata-babalary bilen başlandyr. Soň bolsa kenguru alakalary ýaly bökýän haýwanlar peýda bolan bolandyr we iň soňunda bolsa, häzirki wagtda Awstraliýadaky meşhur bökýän kengurulara öwrülendir» — diýip, Garward uniwersitetiniň alymy Piter Bişop düşündirýär.

Kengurularyň köpüsiniň diňe yzky aýaklary däl, eýsem öňki aýaklary hem güýçli ösendir. Erkek kengurular olary «boks tutluşyklarynda» ulanýarlar. Olar territoriýa we urkaçylar üçin birek-biregi bilen uruşýarlar. Şeýle-de belläp geçsek, kengurularyň hüjümleri sebäpli her ýylda, ortaça, bäş adam şikes alýar. Olar adamlary süsüp, yzky aýaklary bilen urup, itekläp, öňki aýaklary bilen bolsa, berk tutup bilýärler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....