Raşid Meredow ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory bilen duşuşdy

  • 28.03.2025 06:00
  • 1.3k+

25-nji martda Türkmenistanyň daşary işler ministri Raşid Meredow BMG-niň Ilat Gaznasynyň (ÝUNFPA) Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory Çinwe Ogbonna bilen duşuşdy. Bu barada Türkmenistanyň DIM-niň metbugat gullugy habar berýär.

Söhbetdeşligiň başynda myhmany ÝUNFPA-nyň Türkmenistandaky ýurt boýunça direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlap, R.Meredow oňa ýurdumyzyň bu halkara düzümi bilen hyzmatdaşlygynyň ösdürilmegine gönükdirilen işinde üstünlikleri we täze sepgitleri arzuw etdi.
Duşuşygyň dowamynda diplomatlar Türkmenistan bilen ÝUNFPA-nyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmäge ylalaşdylar. Şu nukdaýnazardan, 2021-2025-nji ýyllar üçin ÝUNFPA-nyň Türkmenistan boýunça ýurt Maksatnamasynyň hemmetaraplaýyn durmuşa geçirilmeginiň çäginde bilelikdäki işleriň netijeliligi nygtaldy.
Reproduktiw we enäniň saglygyny gowulandyrmak, gender deňligi, demografiýa ugurlaryndaky hyzmatdaşlyk, şeýle hem ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini we gender kadalaryny ilerletmek ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy ugurlary hökmünde kesgitlenildi.


düýn 22:09
496

Türkmenistanyň wekiliýeti Daşkentde geçirilen TIIF-2026 maýa goýum forumyna gatnaşdy

Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri N.Agahanowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti 16—18-nji iýun aralygynda Özbegistanyň paýtagtynda geçirilen bäşinji Daşkent halkara maýa goýum......

düýn 18:14
478

Aşgabatda türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi geçirilýär

17-nji iýunda Aşgabatda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-slowak bilelikdäki toparynyň birinji mejlisi öz işine başlady. Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň habar bermegine görä, bu çärä gatnaşmak......

düýn 12:31
3.7k+

Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatynda galla oragynyň barşy bilen tanyşdy

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ahal welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitde dowam edýän galla oragynyň barşy bilen tanyşdy. Bu barada TDH habar berýär....

düýn 09:55
620

Türkmenistan «MA – Koreýa Respublikasy» birinji sammitiniň taýýarlyk işlerine gatnaşdy

16-njy iýunda Daşkent şäherinde Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow «Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasy» formatyndaky döwlet Baştutanlarynyň birinji sammitine taýýarlyk görmek......