Brendan Freýzer gatnaşmazdan täze “Mumiýa” filmi düşürilip başlandy

  • 28.03.2025 06:24
  • 1.8k+

New Line Cinema we Blumhouse studiýalary nusgawy “Mumiýa” filmini gaýtadan çykarmaga girişdi.

“Göze görünmeýän adam” (Человек-невидимка) we “Wulfmen” bilen bolşy ýaly, film umumy franşizanyň bir bölegi bolmaz. Tom Kruzyň gatnaşmagynda çykan “Mumiýanyň” şowsuzlygyndan soň, bu pikirden ýüz öwrüldi. Täze filmiň düşürilip başlanandygy barada meýdançadan ilkinji suraty – taslamanyň logotipi bilen numeratory görkezmek arkaly habar berildi.
Režissýor “Aýylganç ölüleriň direlmegi” (Восстание зловещих мертвецов) filmi bilen tanalýan Li Kronin boldy. Ol ujypsyz býujet bilen hakyky horrory döretmäge wada berdi. “Wulfmeniň” şowsuzlygyndan soň studiýa töwekgelçilik etmezlik kararyna geldi.
Surata düşürmek işleri Irlandiýada we Ispaniýada geçiriler. Baş keşbi irlandiýaly aktýor Jek Reýnor ýerine ýetirer. Franşizanyň öňki filmlerinde baş keşpleri ýerine ýetirijiler Brendan Freýzer we Reýçel Waýs, görnüşi ýaly, bu taslama gatnaşmasa gerek.
Sýužet barada maglumatlar gizlin saklanýar. Häzirlikçe diňe Reýnoryň adatdan daşary elhenç güýçler bilen ýüzbe-ýüz bolýan ýanýoldaşy we kakany oýnaýandygy belli.
Filmiň premýerasy 2026-njy ýylyň 17-nji apreline meýilleşdirilýär. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......