Xiaomi SU7 Max C-NCAP kraş-synaglarynda bäş ýyldyz aldy

  • 28.03.2025 05:23
  • 3.1k+

C-NCAP synaglarynda Xiaomi-niň ilkinji elektrikli awtoulagy bolan «SU7 Max-iň» howpsuzlyk derejesine iň ýokary baha berildi. Bu model 2024-nji ýylyň usulyýeti boýunça Hytaýda synagdan geçirilen ähli ýeňil awtoulaglaryň arasynda iň gowusy boldy diýip, «CarNewsChina» neşiri habar berýär.

Synagy geçirmek üçin tötänleýin saýlanan dilerden birnäçe «SU7 Max» satyn alyndy. Sedanyň bu görnüşi Hytaýda 41 müň 345 dollardan hödürlenýär. Ol «Pilot Max» ulgamy bilen enjamlaşdyrylýar.
Synaglaryň netijeleri awtoulagyň ýokary howpsuzlygyny tassyklady: tormoz ulgamy we awtomatiki funksiýalary täsirli işledi. Pyýadalar we welosiped sürýänler üçin gorag derejesi 90,42%, ýolagçy we sürüji üçin bolsa 94,31% boldy. Aktiw howpsuzlyk ulgamlary boýunça awtoulag 95,25% bilen iň ýokary bahany aldy.
Umumy bahasy 93,5% bolan «SU7 Max» bäş ýyldyz bilen sylaglandy we Hytaýda 2024-nji ýylyň C-NCAP usulyýetine görä synagdan geçirilen iň ygtybarly awtoulag hökmünde görkezildi. Awtoulag öndürmekde öň hiç hili tejribesi bolmadyk kompaniýa üçin bu örän uly üstünlik bolup durýar.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....