ChatGPT-niň sesli görnüşi aragatnaşyk etmek üçin indi has ýakymly boldy

  • 28.03.2025 00:47
  • 1.2k+

OpenAI kompaniýasy ChatGPT-niň Advanced Voice Mode funksiýasyny, ýagny häzirki wagtda sesli gepleşik edip bolýan aýratynlygyny täzeledi. Täzelenmeden soň, emeli aň kömekçisi has ýakymly söhbetdeş boldy. Ol indi söhbetdeşlik gidip durka ulanyjylaryň sözüni ýygy-ýygydan bölmeýär diýip, «TechCrunch» neşiri habar berýär.

OpenAI bu täzelenme bilen köp sanly sesli kömekçilerde bar bolan umumy meseläni çözmäge synanyşdy. Emeli aň kömekçileri ulanyjylar pikirlenmek ýa-da dem almak üçin gürlemegi bes edenlerinde, köplenç olaryň sözüni bölýär. Täze Advanced Voice Mode bu meseläni düzetdi. Indi ChatGPT söhbetdeşlik wagty ulanyjylara gysga wagtlaýyn dymmaga mümkinçilik berýär we olaryň sözüni kesmeýär.
Bu täze aýratynlyk mugt ChatGPT ulanyjylary üçin hem elýeterli. Tölegli wersiýalaryň ulanyjylaryna bolsa has kämilleşdirilen sesli kömekçi hödürlenýär. ChatGPT Plus, Teams, Edu, Business we Pro ýaly nyrhnamalaryň abunalaryna has şahsylaşdyrylan kömekçi bilen işleşmäge mümkinçilik berilýär. OpenAI kompaniýasynyň berýän maglumatlaryna görä, sesli kömekçiniň berýän jogaplary indi «has gönümel, has gyzykly, gysgaldylan, has anyk we döredijilikli» boldy.
OpenAI emeli aň babatynda dünýäniň öňdebaryjy kompaniýasy hasaplanýar. Emma bu ýagdaýy gorap saklamak üçin kompaniýa barha köp tagalla etmeli bolýar. Kompaniýa bäsdeşlerinden ozdurmak üçin täze tehnologiýalary döretmäge we öňden bar bolanlary gowulandyrmaga dowam edýär.


13.05.2026 15:09
4k+

Angilýa adasy .ai domeni arkaly onlarça million dollar gazanýar

Karib deňzindäki Angilýa adasy emeli aňyň dünýä derejesindäki meşhurlygynyň artmagy bilen býujet girdejileriniň birden köpelmegini hasaba aldy. Muňa garamazdan, adanyň özi tehnologik merkez hasaplanmaýar: bu......

12.05.2026 18:27
1.5k+

Anthropiс dürli din wekilleri bilen emeli aňyň ahlagy hakda maslahatlaşdy

Anthropic kompaniýasy özüniň Claude çat-botuny ösdürmekde ulanylyp bilinjek ahlak ýörelgeleri ara alyp maslahatlaşmak üçin dünýäniň dürli din wekilleri bilen birnäçe duşuşyk geçirdi....

08.05.2026 11:11
3.3k+

Iri neşirýatlar kitap ogrusy hökmünde Mark Sukerbergi kazyýete berdiler

Dünýäniň iň uly bäş neşirýaty (Elsevier, Cengage, Hachette, Macmillan we McGraw Hill) we tanymal ýazyjy Skott Turou Meta-ny kazyýete berdi. Olar Mark Sukerbergi we onuň kompaniýasyny «Llama» atly emeli......

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......