Apple «WWDC 2025» konferensiýasynyň senesini yglan etdi

  • 28.03.2025 05:39
  • 691

Apple kompaniýasy nobatdaky Bütindünýä işläp düzüjiler konferensiýasynyň (WWDC) senesini resmi taýdan mälim etdi. Çäre 9-13-nji iýun aralygynda geçiriler we Aşgabat wagty bilen sagat 22:00-da başlar.

«WWDC» çäresi Apple kompaniýasy tarapyndan her ýyl tomusda geçirilýär. Bu konferensiýada kompaniýa operasion ulgamlarynyň täze wersiýalaryny tanyşdyrýar. Şeýle-de täze API-leri we gurallary görkezýär. Adatça, iň uly we esasy täzelikler çäräniň ilkinji gününde hödürlenýär, ýagny şol gün iOS, macOS we beýleki ulgamlaryň täze wersiýalary tanyşdyrylýar.
«WWDC 2025» konferensiýasynda nämeleriň tanyşdyrylmagyna garaşylýar:

  • iOS 19 – iPhone üçin operasion ulgam;
  • iPadOS 19 – iPad üçin operasion ulgam;
  • macOS 16 – Mac kompýuterleri üçin operasion ulgam;
  • watchOS 12 – Apple Watch akylly sagatlary üçin operasion ulgam;
  • visionOS 3 – Apple Vision Pro enjamlary üçin operasion ulgam;
  • Apple TV we beýleki Apple enjamlary üçin hem täze programma üpjünçilikleri.

Bu ýylky çäre oflaýn we onlaýn görnüşde geçiriler.
TMCARS ähli täzelikleri ýakyndan yzarlar we iň soňky täzelikleri siziň bilen tiz wagtda paýlaşar.


16.05.2026 11:20
4.1k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...