«Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklarynyň» treýleri tomaşaçylary eýmenç tötänlikleri bilen gorkuzdy

  • 28.03.2025 05:48
  • 4.2k+

Internetde «Ahyrky nokat: Gan baglanyşyklary» (Пункт назначения: Кровные узы) filminiň treýleri peýda boldy. Wideorolik tötänleýin wakalaryň näderejede gorkunç bolup bilýändigini tomaşaçylara ýene bir gezek ýatladýar.

Meşhur horror franşizanyň altynjy bölümi 2025-nji ýylyň 16-njy maýynda prokata çykar. Ol ekrana Marvel kinostudiýasynyň «Gök gürledijiler» (Громовержцы) filminden (2-nji maýda) iki hepde soň we «Başa barmaz missiýa: Soňky haklaşyk» (Миссия невыполнима: Последняя расплата) hem-de «Lilo we Stiç» (Лило и Стич) filmleriniň (23-nji maýda) premýerasynyň öň ýanynda çykýar. Şol döwürde uly göwrümli horror filmleriň bolmazlygy taslama üçin peýdaly bolar.

Filmiň wakalary düýşünde maşgalasynyň heläk bolýandygyny gaýta-gaýta görýän kollež talybynyň töwereginde bolup geçýär. Ol ahyrynda öýüne dolanýar, sebäbi pajygaly ýagdaýlaryň öňüni alyp biljek adamy tapmagy maksat edinýär.

Prodýuser Kreýg Perriniň sözlerine görä, filmiň wakalary «tiz kömek gulluklarynyň dünýäsi» bilen baglanyşykly bolup, onda tiz kömek gullugynyň lukmanlary, ýangyn söndürijiler we polisiýa işgärleri çykyş ederler.

Treýler neşir edilen ilkinji gününde 10 milliondan gowrak gezek görüldi.

Filmiň režissýorlary hökmünde Zak Lipowski we Adam B. Steýn çykyş edýär. Ssenariýsini Lori Ewans Teýlor we Gaý Basik ýazdy.

Filmiň aktýorlar düzüminde Brek Bessinjer, Teo Briones, Keýtlin Santa Huana, Riçard Hermon, Anna Lori, Ouen Joýner, Maks Lloýd-Jons, Ria Kilstedt we Endrýu T. Li dagylar bar.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......