“Keseki: Ýer” serialynyň ahyrky treýleri ksenomorflaryň planetamyza çozuşyny görkezýär

  • 27.03.2025 16:15
  • 5k+

FX we Disney kinokompaniýalary “Keseki: Ýer” (Чужой: Земля / Alien: Earth) serialynyň ahyrky treýlerini çykardy. Onda kosmosdan howply jandarlaryň – ksenomorflaryň biziň planetamyza çozuşy görkezilýär.

Sýužet boýunça, olar kosmos gämisiniň heläkçiligi sebäpli Ýere düşýär. Olaryň bortda peýda bolmagynyň sebäbi bolsa açylyp görkezilmeýär.
Serialyň wakalary 2120-nji ýylda, “Prometeý” filminiň wakalary bilen bir wagtda ýaýbaňlanar. Taslamanyň režissýory “Fargo” serialynyň awtory Noa Houli boldy. Baş keşbi Sidni Çendler ýerine ýetirer, ssenarini Kesekiler barada filmleriň döredijisi Ridli Skott ýazdy.
“Keseki: Ýer” serialynyň premýerasy 2025-nji ýylyň tomsuna meýilleşdirilýär. Serial Hulu akym hyzmatynda çykar. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......