Bloomberg: Apple sagatlara we nauşniklere kamera bilen EA funksiýalaryny goşar

  • 27.03.2025 14:08
  • 1.3k+

Apple öz Apple Watch smart sagatlaryna we AirPods simsiz nauşniklerine kamera hem-de emeli aňa esaslanýan funksiýalary goşmagy göz öňünde tutýar. Bu barada Bloomberg habar berýär.

Agentligiň maglumatlaryna görä, oturdylan kameralar we mikrofonlar Visual Intelligence atly EA funksiýasyny goldamak üçin ulanylar. Ol gurluşyň eýesine daş-töwerekde bolup geçýän zatlar barada maglumat almaga mümkinçilik berer. Häzir bu funksiýalar diňe iPhone 16-da elýeterli, ýöne geljekde kompaniýanyň beýleki gajetlerinde hem peýda bolar.
Apple bu işe OpenAI-i we Google-y çekmezden, öz EA modelini ulanmagy meýilleşdirýär.
Taslamanyň çäklerinde kompaniýa kamerany hem adaty Apple Watch wersiýasyna, hem Ultra modellerine goşmagy göz öňünde tutýar. Esasy wersiýada kamera displeýe oturdylar, Ultra-da bolsa gapdalda ýerleşer. Şeýle-de, FaceTime wideojaňlar funksiýasyny goşmak mümkinçiligine seredilýär.
Bloomberg-iň maglumatlaryna görä, täze funksiýaly gurluşlar 2027-nji ýylda çykyp biler.


düýn 11:20
3.4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
2.9k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...