Täzelenen AirPods Max nauşniklerinde aýdymy edil studiýada ýazylandakysy ýaly diňläp bolar

  • 27.03.2025 13:41
  • 1.4k+

Apple kompaniýasy AirPods Max nauşnikleri üçin täze programma üpjünçiligini hödürledi. Bu täzelenme nauşniklere ýitgisiz (lossless) ses faýllaryny ýokary hilde goýbermäge mümkinçilik berer, şeýle-de örän pes gijikme bilen işlemegi üpjün eder.

Täzelenmeden soň, AirPods Max nauşnikleri ses faýllaryny 48 kGs/24 bit derejede ýitgisiz goýberip biler. Bu ýazgylaryň asyl hilini saklamaga we studiýada nädip döredilen bolsa, diňleýjilere hem sazlary şolar ýaly eşitdirmäge mümkinçilik berer. Giňişlikdäki ses (spatial audio) tehnologiýasy hem has täsirli ses tejribesini üpjün eder. Apple Music hyzmatynyň ulanyjylary indi 100 milliondan gowrak aýdymy ýitgisiz formatda diňläp bilerler.
Täzelenme aýdym-saz döredijileri üçin hem peýdaly bolar. Indi olar AirPods Max nauşniklerini Logic Pro we şoňa meňzeş programma üpjünçilikleri bilen ulanmak mümkinçiligine eýe bolarlar. USB-C kabeli arkaly nauşnikler başyň hereketini hem yzarlap bilerler. Bu bolsa giňişlikdäki sesi döretmekde has ýokary takyklygy üpjün eder.
Ýitgisiz ses goldawy diňe bir sazandalar üçin däl, eýsem oýunçylar üçin hem möhüm bolar. AirPods Max ses signallaryny örän pes gijikme bilen geçirer.
Täzelenme iOS 18.4, iPadOS 18.4 we macOS Sequoia 15.4 ulgamlary bilen bilelikde elýeterli bolar. Täze ses tejribesini diňe USB Type-C interfeýsli AirPods Max nauşnikleri bolan ulanyjylar synap bilerler.
Häzirki wagtda şeýle nauşnikleri Apple-yň resmi dükanlaryndan 549 dollardan satyn alyp bolýar. Şeýle-de kompaniýa USB-C we 3,5 mm mini-Jack kabellerini hem satuwa çykarar, olaryň bahasy bolsa 39 dollar bolar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...