SpaceX tizligini artdyrýar: Starlink-iň täze antennasy 1 Gbit/sek çenli tizlik hödürlär

  • 27.03.2025 13:44
  • 1.6k+

SpaceX kompaniýasy täze Starlink antennasynyň üstünde işleýär. Bu antenna maglumatlary 1 Gbit/sek çenli tizlikde geçirip biler. Bu häzirki 200 Mbit/sek töweregindäki görkezijilerden bäş esse ýokarydyr diýip, «PCMag» neşiri habar berýär.

SpaceX täze gigabit antennasyny şu ýylyň ahyrynda satuwa çykaryp biler, emma bu esasan üçünji nesil V3 Starlink hemralarynyň üstünlikli işe girizilmegine bagly bolar. Häzirki wagtda kompaniýa teklip edilen täzelenmeleriň tassyklanmagy üçin, ABŞ-nyň Aragatnaşyk boýunça federal komissiýasynyň (FCC) kararyna garaşýar.
SpaceX şeýle-de korporatiw müşderiler üçin täzelenen tekiz we ýokary öndürijilikli Starlink antennasyny hödürledi. Munuň bilen baglylykda, kompaniýa öňki nesil antennasynyň bahasyny 2499 dollardan 1499 dollara düşürdi. Maksat – ammardaky öňki nesile degişli antennalary tizräk satmak. Şeýle-de 499 dollar bahaly Starlink Mini antennasynyň ornuny tutjak täze modeliň hem taýýarlaýandygy habar berildi.
Hemra aragatnaşygy boýunça bilermenleriň pikirine görä, gigabit tizlikden peýdalanmak üçin müşderilere täze enjam gerek bolar. Sebäbi häzirki Starlink terminallary goşmaça radiodiapazonlary goldamaýar. Emma şeýle-de bolsa, olaryň pikirine görä, Starlink ulgamynda ýerine ýetirilmegi meýilleşdirilen täzelenmeler öňki nesil enjamlary ulanyp ýörenler üçin hem tizligiň ýokarlanmagyna we signalyň has durnukly bolmagyna ýardam eder.
2024-nji ýylyň noýabr aýynda SpaceX-iň prezidenti Gwin Şotwell Starlink ulgamynyň tizliginiň 2 Gbit/sek ýetjekdigini, şeýle-de gijikmeleriň hem ep-esli azaldyljakdygyny aýdypdy. SpaceX gigabit internetini ilkibaşda iri kompaniýalara hödürlär, soň bolsa ol hususy ulanyjylar üçin hem elýeterli bolar.


17.06.2026 11:18
1.1k+

Starship-i Aýa uçuşlar üçin orbitara çekiji etmegi meýilleşdirýärler: SpaceX näme teklip edýär?

SpaceX kompaniýasy NASA-nyň "Artemis" maksatnamasynyň çägindäki geljekki Aý missiýalarynyň tertibini üýtgetmegi we "Starship" gämisine Aýa ekipažlary eltip bermekde has giň gerimli orun bermegi teklip etdi....

11.06.2026 08:39
1.1k+

SpaceX ýene bir rekord goýdy: Falcon 9-yň birinji basgançagy 35-nji uçuşyny tamamlady

SpaceX kompaniýasy raketalary gaýtadan ulanmak boýunça öz rekordyny ýene-de täzeledi. Raketa göteriji Falcon 9-yň birinji basgançagy kosmosa uçdy we eýýäm 35-nji gezek yzyna gaýdyp geldi....

31.05.2026 00:31
2.2k+

ÝB Starlink-iň işini çäklendirip, ýewropaly operatorlary goldamagy meýilleşdirýär

Ýewropa Bileleşigi daşary ýurt tehnologiýa kompaniýalaryna bolan garaşlylygyny azaltmak we ýewropaly operatorlara goşmaça mümkinçilikleri döretmek maksady bilen, «Starlink» hem «Kuiper» ýaly amerikan......

23.05.2026 15:01
3.7k+

SpaceX adamzat taryhynda iň uly raketa bolan Starship-i üstünlikli uçurdy

SpaceX amerikan kompaniýasynyň geljekde Aýa we Marsa uçuşlar üçin niýetlenen, Super Heavy V3 göteriji raketasy bolan Starship super-agyr kosmos ulgamynyň synag uçuşyny üstünlikli amala aşyrdy. Uçuş 22-nji......