BYD depesinde kung-fu ussady otyrka täze ulagynyň amortizasiýasyny synagdan geçirdi

  • 27.03.2025 09:58
  • 10k+

BYD kompaniýasy 1306 at güýjüne eýe bolan «Yangwang U7» supersedanynyň uýgunlaşdyrylan asma ulgamynyň mümkinçiliklerini täsin synag bilen görkezdi. Awtoulag «emeli böwetler» diýlip atlandyrylýan ýol päsgelçilikleriniň üstünden geçýän mahaly, onuň depesinde günorta hytaýly kung-fu sungatynyň win-çun ussady bir aýagynyň üstünde otyrdy. Bu barada «CarNewsChina» neşiri habar berýär.

Synag 15 km/sag tizlikde geçirildi. Elektrokaryň ýolunda beýikligi 30, 40 we 50 millimetr bolan päsgelçilikler ýerleşdirildi. Ýoluň tekiz däldigine garamazdan, kung-fu ussady diýseň rahat durup, deňagramlylygyny saklap bildi.
BYD kompaniýasy bu sedany «dag ýaly durnukly» diýip atlandyrdy. Bu durnuklylygy 4-nji nesil Disus-Z uýgunlaşdyrylan asma ulgamy üpjün edýär. «Yangwang U7» bu ulgam bilen enjamlaşdyrylan ilkinji model bolar.
BYD ýanwarda bu asma ulgamyň işleýşini görkezipdi. Şonda ulanyjy awtoulagy uzakdan dolandyryp, üçeginde goýlan labirintdäki şary ugrukdyrýardy. Ulgam smartfonyň giroskop maglumatlaryny seljerip, awtoulagyň ýagdaýyny sazlapdy.


17.06.2026 10:28
1.4k+

Täze Peugeot e-208 GTi hetçbegi 277 at güýjüni berýän elektrik hereketlendirijisini aldy

Peugeot markanyň taryhynda GTi belgisini göterýän ilkinji ýokary öndürijilikli seriýaly elektromobili bolan e-208 GTi modelini hödürledi. Bu barada «Carscoops» portaly habar berýär....

16.06.2026 07:52
4.2k+

BYD ulagyň aşagyndaky haýwanlary kesgitleýän ulgamyň patentini aldy

BYD hytaý kompaniýasy ulagyň aşagyndaky haýwanlary ýüze çykarmaga ukyply ulgamyň patentini aldy. ITHome neşiriniň ýazmagyna görä, bu tehnologiýa hereket başlanmazdan ozal we simsiz zarýad beriş ulgamy ulanylan......

29.05.2026 23:38
3.6k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......