«Mikki 17» filmi 8-nji aprelde internetde elýeterli bolar

  • 26.03.2025 18:42
  • 4k+

Warner Bros. kompaniýasy «Mikki 17» filminiň sanly platformalarda çykjak senesini mälim etdi. Baş keşbi Robert Pattinson tarapyndan ýerine ýetirilýän fantastiki film 8-nji aprelde Amazon Prime we iTunes platformalarynda elýeterli bolar.

Şeýlelikde, Oskar baýragyny alan «Mugthorlar» (Паразиты) filminiň režissýory Pon Jun-honuň täze filmi kinoteatrlarda bir aý görkezilenden soň, internetde elýeterli bolar. Häzirki wagta çenli film bary-ýogy 100 million dollar girdeji gazandy we çykdajylaryny ödäp bilmedi. Film öz çykdajylaryny ödäp biler ýaly, azyndan 300 million dollar gazanmalydy.
«Mikki 17» geljekki döwür barada gürrüň berýär. Bu döwürde adamzat täze planetalary özleşdirmek üçin ýörite döredilen klonlardan peýdalanýar. Şol klonlaryň biri bolan Mikki täze dünýäni öwrenmäge ugradylanda, birden ýitirim bolýar. Emma onuň üçin bu ahyrky nokat däldi, sebäbi her gezek ölende, ony täzeden klonlaýarlar.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......