SpaceX polýar orbitasyna ilkinji ekipažly uçuşa taýýarlanýar

  • 26.03.2025 12:01
  • 2k+

SpaceX polýar orbitasyna ilkinji ekipažly uçuşyna – Fram2 missiýasyna taýýarlyk işlerini tamamlady. Uçuş duşenbe gününe, 31-nji marta meýilleşdirilýär.

Dragon kosmos gämisi Floridadaky Kennedi kosmos merkeziniň 39A meýdançasynyň angaryna eltildi.
Fram2 missiýasy Ýeriň pes polýar orbitasyna taryhda ilkinji ekipažly uçuş bolar. Kosmos gämisi 425-450 km belentlikde 90 gradus gyşarma bilen orbita çykyp, Demirgazykdan Günorta polýusa uçar. Missiýanyň ady Norwegiýanyň polýar gözlegleri üçin niýetlenen gämisiniň hormatyna atlandyryldy.


Ekipažyň düzüminde dört adam bolar. Uçuş 3 – 5 gün dowam eder. Missiýa gatnaşyjylar Ýeriň polýar sebitlerini we kosmos uçuşynyň adam organizmine täsirini öwrener.
Planetany synlamak üçin bortda 2021-nji ýylda SpaceX Inspiration4 missiýasynda ulanylan ýörite gümmez oturdyldy.


02.06.2026 12:47
5.8k+

Ýere azyndan 20 asteroid "assyrynlyk bilen" ýetip gelýär

Indiki aýyň dowamynda Ýeriň golaýyndan azyndan 20 asteroidiň geçmegine garaşylýar, emma hakykatda olaryň sany has köp bolup biler. Bu barada Nowosibirsk Döwlet Uniwersitetiniň “Wega” obserwatoriýasynyň......

31.05.2026 20:50
10k+

ABŞ-nyň asmanynda partlan meteorit birnäçe ştaty sarsdyrdy

30-njy maý güni gündiz güýçli partlan meteorit ABŞ-nyň demirgazyk-gündogar bölegini sarsdyrdy. NASA-nyň habar bermegine görä, asman jisiminiň dargan mahalynda böleklere bölünen energiýasy takmynan 300 tonna......

29.05.2026 23:01
4.9k+

Blue Origin-iň «New Glenn» raketasynyň synagy güýçli partlama bilen tamamlandy

Blue Origin kompaniýasynyň agyr klasly «New Glenn» raketa göterijisi Floridadaky Kanaweral burnunda ýerleşýän 36-njy uçuş toplumynda geçirilen synag mahalynda partlady....

28.05.2026 17:31
2.8k+

Perseverance roweri Marsda «marafon» aralygyna golaýlady we selfi düşdi

NASA-nyň Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň günbatar bölegindäki Lac de Charmes diýlip atlandyrylýan sebitde, gadymy Mars peýzažynyň öňünde täze selfi düşürdi. Bu surat 2026-njy ýylyň 11-nji martynda......