Hazar deňziniň suwunyň çekilmegi täze adalaryň döremegine we kenarýaka çäginiň üýtgemegine getirdi

  • 26.03.2025 09:19
  • 15k+

Soňky üç onýyllygyň dowamynda Hazar deňziniň derejesiniň peselmegi Russiýanyň üç sebitiniň - Astrahan oblastynyň, Kalmykiýanyň we Dagystanyň kenarýaka çäginiň ep-esli üýtgemegine sebäp boldy. Bu barada Federal döwlet býudjet ylmy edarasynyň "WNIRO" ("KaspNIRH") Wolga-Kaspi şahamçasyna salgylanyp, TASS habar berýär.

Hazar deňziniň suwy 1990-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri çekilip gelýär, 2020-nji ýyldan başlap bolsa onuň derejesi 0,8 m töweregi peseldi diýip, şahamçada bellediler.
Çeşmäniň berýän maglumatlaryna görä, Astrahan oblastynda deňiz derejesiniň peselmegi Wolganyň deltasynda güýçli geomorfologiki üýtgeşmelere - deňziň ep-esli yza çekilmegine, deltada täze meýdançalaryň, suw akymlarynyň, mikrodeltalaryň, adalaryň we ýalpaklyklaryň emele gelmegine sebäp bolupdyr. Günbatardaky sähra etek kölleri (Wolganyň deltasyndaky balyklaryň köpelýän köl ulgamy) suwlulandyrmagyň şertleri ýaramazlaşýar,  ýazda we tomsuň başynda daşgyn suwlarynyň deňze akyşyny çaltlaşdyrýar.
Kalmykiýada hyşşalyk zolaklar 10 kilometre çenli we ondanam köp süýşdi. Käbir adalar ýarym adalara öwrüldi. Şeýlelik bilen, 150 ýyl mundan ozal adada ýerleşýän Lagan obasy indi gury ýerde ýerleşýär. Lagan gämi gatnawy kanaly ýalpaklaşdy.
Dagystanda Kizlýar aýlagynyň kenar ýakasy birnäçe kilometre süýşdi. Agrahan aýlagy doly ýitdi, diňe demirgazyk bölegi saklanyp galdy.
Üýtgeşmeleriň esasy sebäbi Hzara guýýan Wolganyň akymynyň azalmagy boldy. Geçen ýyl akymyň mukdary 232 kub km. bolupdy. Deňiz derejesiniň durnukly ýokarlanmagy üçin, 1970-nji ýyllaryň aýagyndan 1990-njy ýyllaryň ortalaryna çenli bolşy ýaly, takmynan, 270 kub km akym zerur.
Hazar deňzi Ýer ýüzündäki iň uly ýapyk suw howdanydyr. Oňa 130-dan gowrak derýa gelip guýýar, olardan iň irileri Wolga, Ural, Terek, Sulak we Samur derýalarydyr. Hazaryň kenar ýakasynda bäş ýurt: Türkmenistan, Azerbaýjan, Gazagystan, Eýran we Russiýa ýerleşýär.


05.02.2026 18:47
7.8k+

Marokkoda güýçli ýagyş we derýa joşgunlary sebäpli müňlerçe adam ewakuasiýa edildi

Marokkoda güýçli ýagyşlar we derýa joşgunlary halky howp astynda goýdy.  Häkimiýetler siliň gelmegi ähtimallygy zerarly ýurduň demirgazygyndaky Ksar-el-Kebir şäheriniň ýaşaýjylaryny köpçülikleýin ewakuasiýa edip başladylar...

16.01.2026 09:05
2.9k+

2025-nji ýyl gözegçiligiň taryhynda iň yssy ýyllaryň üçlügine girdi

2025-nji ýyl XIX asyryň ortalarynda yzygiderli gözegçilik başlany bäri iň yssy ýyllaryň sanawynda üçünji boldy. Bu barada ÝB-niň «Copernicus» klimat agentliginiň we Bütindünýä meteorologiýa guramasynyň maglumatlaryna salgylanyp, The Guardian habar berýär...

14.01.2026 11:03
2.6k+

2025-nji ýylda dünýä ummanynyň temperaturasy rekord derejede ýokary boldy

2025-nji ýylda dünýä ummany rekord mukdarda ýylylygy özüne siňdirdi, bu hem täze temperatura rekordyna sebäp bolup, adatdan daşary howa hadysalaryny güýçlendirdi. Bu barada Advances in Atmospheric Sciences žurnalyndaky ylmy gözlege salgylanyp, The Guardian habar berýär...

22.12.2025 13:53
5.7k+

Klimatologlar: Asyryň ortalaryna çenli Ýer ýüzünde her ýyl 4 müňe çenli buzluklar ýok bolar

Eger global maýlamaklyk asyryň ahyryna çenli temperaturanyň 1,5-4 gradus Selsiý ýokarlanmagyna getirse, eýýäm şu asyryň ortalaryna çenli Ýer her ýyl 2000-den 4000-e çenli buzlugy ýitirer. Netijede, buzluklaryň umumy sany 200 müňden 18 müňe çenli azalyp biler...