Alfonso Kuaron täze “Jeýms Bonduň” režissýory wezipesine dalaş edýär

  • 25.03.2025 18:08
  • 2.2k+

Meşhur meksikaly režissýor Alfonso Kuaron Jeýms Bond barada täze filmiň režissýory wezipesine esasy dalaşgär hasaplanýar. Bu barada birbada birnäçe çeşme habar berýär.

Ýakynda “bondiana” üçin hukuk alan Amazon tiz wagtdan täze filmi düşürmäge başlamagy meýilleşdirýär. Ähtimal, režissýor we baş keşp üçin aktýor şu ýyl saýlanyp biler.
Ilkibaşda Amazon-yň ýolbaşçylary režissýor hökmünde Kristofer Nolany göz öňünde tutdy, ýöne ol häzirki wagtda gadymy grek eposy “Odisseýany” ekranlaşdyrmak bilen başagaý. Şonuň üçin prodýuserleriň ünsi “Grawitasiýa” (Гравитация), “Adam çagasy” (Дитя человеческое) we “Garri Potter we Azkaban ýesiri” (Гарри Поттер и узник Азкабана) ýaly filmler bilen belli bolan Kuarona gönükdirildi.
Režissýoryň özi bu gürrüňlere teswir bermeýär, ýöne maglumatlara görä, onuň Jeýms Bond baradaky geljekki filme “öz garaýşy” bar. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......