iPhone 17 hatarynyň ähli modelleri 120 Gs bilen çykar

  • 25.03.2025 17:46
  • 5.5k+

ProMotion displeý tehnologiýasy indi diňe bir Pro modellerde däl-de, eýsem adaty iPhone modelinde hem peýda bolar diýip, «Bloomberg» neşiriniň žurnalisti Mark Gurman habar berýär.

ProMotion – 10 Gs-den 120 Gs-e çenli aralykda işleýän täzeleniş ýygylygyna eýe displeý tehnologiýasydyr. Ol ilkinji gezek 2017-nji ýylda iPad Pro-da peýda bolupdy, soňra bolsa 2021-nji ýylda iPhone 13 Pro modeline ornaşdyryldy.
Bu tehnologiýanyň esasy aýratynlygy nämede? Ol animasiýanyň bar ýerinde displeýiň täzeleniş tizligini ýokarlandyrýar, statiki şekillerde bolsa peseldýär. Şeýlelikde, energiýanyň sarp edilişi bilen öndürijiligiň arasyndaky deňagramlylyk saklanylýar.
«Bloomberg» neşiriniň çeşmelerine görä, ProMotion tehnologiýasy diňe iPhone 17 Pro we Pro Max modellerinde däl-de, eýsem adaty modelde-de bolar. Emma iPhone 17 Air (ýa-da Slim) modelinde bu aýratynlygyň bolup-bolmajakdygy entek belli däl.
ProMotion-dan başga-da, esasy iPhone 17-de şu täzelikleriň hem bolmagyna garaşylýar: täze A19 prosessory we keseligine ýerleşdirilmegi ähtimal täzelenen kamera blogy.
Eger-de bu maglumatlar tassyklansa, iPhone 17 modeli ProMotion displeýini we Always On funksiýasyny aljak adaty iPhone-laryň ilkinjisi bolar. Bu aýratynlyklara 2021-nji ýyldan bäri köp sanly ulanyjylar garaşýarlar.


16.05.2026 11:20
4k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8.1k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

13.03.2026 16:33
3.2k+

Tim Kuk Apple ulanyjylaryna ýüzlendi: «Elli ýyl ozal kiçijik bir garažda uly pikir dünýä indi…»

2026-njy ýylyň 1-nji aprelinde Apple kompaniýasynyň döredilenine 50 ýyl dolýar we kompaniýa bu sene mynasybetli birnäçe çäreleri hem-de uly tanyşdyryşlary taýýarlaýar. Apple-iň baş direktory Tim Kuk bu möhüm senäniň gelerine garaşyp durman, kompaniýanyň saýtynda Apple-iň enjamlaryndan we hyzmatlaryndan peýdalanýanlaryň ählisine gönükdirilen açyk haty çap etdi...