ABŞ-da iri kompaniýalarynyň ýolbaşçylarynyň girdejisi soňky 10 ýylda ilkinji gezek $100 mln-a ýetmedi

  • 25.03.2025 17:42
  • 6.5k+

2024-nji ýylda «S&P 500» sanawyna girýän kompaniýalaryň hiç biriniň baş direktory hem 100 mln dollar möçberinde umumy hak almady. «The Wall Street Journal» neşiriniň habaryna görä, bu ýagdaý soňky 10 ýylyň dowamynda ilkinji gezek bolup dur. Neşir 168 sany kompaniýanyň maglumatlaryna esaslanyp, derňew geçirdi.

Baş direktorlaryň alýan jemi girdejisine (pay package) olaryň esasy aýlyk haklary, saglyk ätiýaçlandyryşy, baýraklary, paýnamalary we beýleki goşmaça artykmaçlyklary girýär. 2020-2023-nji ýyllar aralygynda, takmynan, 30 sany ýolbaşçy 100 mln dollardan gowrak girdeji gazandy. Olaryň arasynda Broadcom-yň ýolbaşçysy Hok Tan we Google-yň baş direktory Sundar Piçai hem bar.
2024-nji maliýe ýylynyň (sentýabrda tamamlandy) netijelerine görä, iň ýokary hak alan ýolbaşçy Starbucks-yň baş ýerine ýetiriji direktory Braýan Nikkol boldy. Onuň jemi girdejisi 95,8 mln dollara ýetdi. Şonuň 62 mln dollary esasy aýlykdan ybarat boldy.
Ikinji orny 89 mln dollar bilen General Electric-den Larri Kalp eýeledi. Üçünji orunda 84 mln dollar bilen Blackstone-yň ýolbaşçysy Stiw Şwartsman ýerleşdi. Apple-yň baş direktory Tim Kuk bolsa, 74,6 mln dollar bilen dördünji orny eýeledi.
Şeýle-de Carrier kompaniýasynyň baş direktory Dewid Gitlin ilkinji gezek 50 mln dollardan köp gazandy. Onuň girdejisi 18 mln dollardan 65,7 mln dollara çenli ýokarlandy.
Şeýle hem «S&P 500» sanawyndaky kompaniýalaryň ýolbaşçylarynyň ortaça esasy aýlygy ýokarlandy. Öň 15,9 mln dollar bolan bu görkeziji 2024-nji ýylda 16,4 mln dollara ýetdi.
Neşiriň belläp geçmegine görä, soňky hepdelerde ABŞ-da ykdysady ýagdaýlar agyrlaşdy. Muňa käbir ýurtlardan getirilýän harytlara girizilen salgytlar sebäp boldy. Maýadarlar we kompaniýalaryň ýolbaşçylary bu ýagdaýyň sarp ediş çykdajylaryny peseldip, girdejilere zyýan ýetirip biljekdiginden howatyrlanýarlar.


02.06.2026 12:03
11k+

Tramp Ak tamyň çäklerinde geçiriljek turnire taýýarlyk wagtynda UFC-niň eýesiniň paýnamalaryny satyn aldy

ABŞ-nyň Prezidenti Donald Tramp Ak tamyň çäklerinde geçirilmegi meýilleşdirilýän «UFC Freedom 250» turnirini işjeň mahabatlandyryp başlamazdan biraz öň, TKO Group Holdings (UFC we WWE guramalarynyň eýesi)......

29.05.2026 00:36
2.2k+

Dünýäde ilkinji: Itera durkuny üýtgedýän suwuk platany görkezdi

Amerikanyň Itera startapy dünýäde ilkinji «suwuk» çap edilen plata diýip atlandyrylýan enjamynyň nusgasyny tanyşdyrdy....

30.04.2026 07:20
2.2k+

Hytaý Manus startapynyň 2 milliard dollara Meta kompaniýasyna satylmagyny bökdedi

Hytaý häkimiýetleri amerikan kompaniýasy Meta Platforms-yň Hytaýyň emeli aň startapy bolan Manus-y 2 milliard dollara satyn almak baradaky şertnamasyny ýatyrdy. Bu karar milli howpsuzlyk we tehnologiýalaryň......

30.03.2026 09:59
11k+

Milliarderleriň iň köp doglan şäheri yglan edildi

Nýu-Ýork şäheri bu gezek hem dünýäde milliarderiň iň köp doglan ýeri hökmünde sanawyň başyny çekdi diýip, 2026-njy ýyl üçin dünýäniň iň baý 1680 adamynyň maglumatlaryna esaslanýan Visual Capitalist neşiri......