Seýrek we doly işleýän Apple-1 Bayville kompýuteri auksionda 375 000 dollara satyldy

  • 25.03.2025 13:52
  • 4.6k+

RR Auction amerikan öýüniň auksionynda Bayville hökmünde belli bolan seýrek we häzirem işleýän Apple-1 kompýuteri satyldy. Onuň auksionda bahasy 375 000 dollar boldy diýip, Macrumors habar berýär. 

Kompýuter ähli saklanyp galan modeller barada maglumatlary öz içine alýan Apple-1 Registry resmi sanawynda 91-nji belgi bilen hasaba alyndy.
Apple-1 Stiw Jobs we Stiw Woznýak tarapyndan satylan ilkinji şahsy kompýuter boldy. Häzir sanawda şeýle gurluşlardan 104 sanysy bar.
Bayville 1976-njy ýylda çykarylan ilkinji topluma degişli bolup, onda çen bilen Jobs tarapyndan elde ýazylan seriýa belgisi bar. Kompýuter bilen bilelikde Apple-iň ilkinji işgärlerinden biri bolan Deniel Kottkeniň golýazma belgisi bilen asyl gollanma berilýär.
Auksion “Steve Jobs and the Apple Revolution” ady bilen geçirildi. Onuň çäklerinde 112 054 dollara Jobsuň goly bolan 1976-njy ýylyň Apple Computer çegi we 87 514 dollara möhürlenen birinji nesil 4 GB iPhone hem satyldy. Jobsuň goly bolan başga bir çek 62 500 dollara, Apple Lisa kompýuteri bolsa 56 818 dollara satyldy. Umumy söwda girdejisi 1 308 251 dollar boldy. 


düýn 09:49
699

Meýilnamalar üýtgedi: Apple Siri-ni ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bot etmek isleýär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisini ChatGPT ýaly doly derejeli çat-bota öwürmegi meýilleşdirýär. Kupertinoly kompaniýa onuň täzelenen wersiýasyny 2026-njy ýylyň iýunynda geçiriljek WWDC konferensiýasynda iOS 27 bilen bilelikde hödürlär diýip, Bloomberg-iň žurnalisti Mark Gurman habar berýär...

18.01.2026 15:41
9k+

Taryhda iň şowsuz çykan smartfonlaryň sanawy düzüldi

BGR portalynyň bilermenleri artykmaçlyklary bilen däl-de, howpludygy, tehniki ýalňyşlyklar ýa-da şowsuz konsepsiýalar sebäpli uzak wagtlap ýatda galan smartfonlaryň sanawyny düzdi. Iň ýaramaz smartfonlaryň sanawyna 13 model girdi...

17.01.2026 13:23
4.1k+

Apple-iň 50 ýyllygy mynasybetli iPhone üçin ilkinji Macintosh-yň stilinde daşlyk çykaryldy

Spigen kompaniýasy iPhone üçin 1984-nji ýylda çykarylan Apple-iň ilkinji şahsy kompýuteri Macintosh 128K-nyň dizaýnyny gaýtalaýan üýtgeşik daşlygy hödürledi. Aksessuar kompaniýanyň 50 ýyllygy mynasybetli döredildi we markanyň muşdaklary üçin köp sanly tanyş elementleri saklaýar: yzky panel 3,5 dýuýmlyk disket üçin slota meňzeýär, gapdal düwmeler bolsa gadymy mehaniki klawiaturalary ýatladýar...

14.01.2026 09:37
1.2k+

«Köpüň biri» serialy tomaşa boýunça Apple TV-niň rekordyny goýdy

«Köpüň biri» (Pluribus) fantastik serialy Apple TV striming hyzmatynyň taryhynda iň köp tomaşa edilen serial boldy. Bu barada platformanyň ýolbaşçylygyna salgylanyp, Deadline habar berýär. Serial Wins Gilligan («Garadangaýtmaz», «Gowusy, Sola jaň ediň») tarapyndan döredildi...