Selena Gomes ýoldaşy Benni Blanko bilen bilelikdäki albomyny çykardy

  • 25.03.2025 13:43
  • 11k+

Selena Gomes ýoldaşy, meşhur saz prodýuseri Benni Blanko bilen «I Said I Love You First» atly bilelikdäki täze albomlaryny köpçülige hödürledi. Albom bilen bilelikde «Younger and Hotter Than Me» aýdymy üçin ýörite klip hem çykaryldy diýip, «Variety» neşiri habar berýär.

Bu albom Selenanyň soňky bäş ýylda çykaran ilkinji albomydyr. Onda jemi 14 sany aýdym, şol sanda «Call Me When You Break Up», «Scared of Loving You» we «Sunset Blvd» ýaly aýdymlary hem bar. Bu taslamada myhman aýdymçylar hökmünde Charli XCX, Greýsi Abrams, GloRilla, Cashmere Cat we 100 gecs toparyndan Dilan Breýdi hem çykyş etdi.
Albomy ýazga geçirmek işlerine meşhur aýdymçy Billi Aýlişiň dogany we onuň bilelikdäki awtory Finneas O’Konnell hem gatnaşdy.
Selenanyň ýakyn dostlaryndan Teýlor Swift hem bu alboma uly baha berdi.

«Bu albomy şeýle bir söýdüm» — diýip, Swift Instagram sahypasynda albomyň salgysy bilen bile paýlaşdy.

düýn 23:12
1.4k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

düýn 22:53
2.7k+

DÇ-2026-nyň topy kosmosa-da baryp ýetdi

2026-njy ýylyň futbol boýunça dünýä çempionatynyň resmi topy bolan Adidas Trionda Halkara kosmos stansiýasyna (HKS) iberildi....

düýn 14:49
1.2k+

«Super Mario Bros.» oýun kartriji rekord derejede – 3 million dollara satyldy

«Heritage Auctions» bäsleşikli söwdada «Super Mario Bros.» oýnunyň asyl gaby açylmadyk kartriji rekord bahasyna, ýagny 3 million dollara satyldy....

düýn 14:28
967

Fransiýada Mosartyň kompozisiýalarynyň garalamasy bolan depderi tapyldy

Awstriýaly kompozitor Wolfgang Amadeý Mosartyň arfa we fleýta üçin ýazylan ýedi sany pýesasy bolan depderi Fransiýanyň Milli kitaphanasynyň (BnF) Pariždäki gözegçisi tarapyndan tapyldy. Bu barada Agence......