Şwesiýada wikingler döwrüniň örän seýrek duşýan bilezigi we gadymy altyn torky tapyldy

  • 25.03.2025 12:33
  • 5.7k+

Şwesiýada iki sany seýrek duş gelýän artefakt tapyldy. Olar - wikingler döwründen galan demir bilezik we agramy bir kilograma golaý bolan gadymy altyn tork. Bu barada Heritage Daily we Arkeonews habar berýär.

Ýaşy, takmynan, 1000 ýyllyk demir bilezik Eland adasynyň batgalyk ýerlerinden tapyldy. Bilezik özboluşly bolup durýar - şuňa meňzeş tapyndylar, adatça, kümüşden ýa-da bürünçden ýasalan bolýar.
Bilezigiň iki gapdaly haýwan kelleleri bilen bezelipdir we uzaboýuna düşnüksiz nokatlardan nagyş çekilipdir. Alymlaryň pikirine görä, bu tapyndy gurbanlyk hökmünde ulanylan bolup biler. Ýakyn wagtda gazuw-agtaryş işleriniň geçirilýän meýdançasynda goşmaça barlaglary geçirmek meýilleşdirilýär.
Eland häzirki wagtda Şwesiýanyň ikinji uly adasy hasaplanýar, emma wikingler döwründe bu iri söwda we senetçilik merkezi bolupdyr.
Şol bir wagtyň özünde, Trollhettan şäherinde (Şwesiýanyň günbataryndaky Wästra Götaland okrugy) geçirilen gazuw-agtaryş işleri mahalynda arheologlar özboluşly altyn torky tapdylar. Onuň ululygy 23,5 santimetr, agramy bolsa bir kilogram töwerekdir.
Alymlar bu boýun halkasynyň Skandinawiýada ýasalandygyna ynanýarlar. Bezegiň bu görnüşini, adatça, öz döwrüniň iň güýçli adamlary dakynypdyr.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......

04.06.2026 11:11
3.2k+

Angliýada tapylan gadymy Müsür gaby sürme çüýşejigi bolup çykdy

Gözlegçiler 40 ýyldan gowrak mundan öň Angliýanyň Ýork şäherindäki arheologik gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda tapylan aýna gabyň Müsüre degişli, sürme saklamak üçin niýetlenen özboluşly bir gapdygyny......