Toyota we Mazda bilelikde täze nesil sportkary taýýarlaýar

  • 25.03.2025 11:16
  • 2.8k+

Toyota bilen Mazda hyzmatdaşlygy giňeldip, bilelikde täze sportkar öndürmegi meýilleşdirýärler. Bu barada öňümizdäki ýaz paslynda resmi taýdan mälim edilip bilner diýip, «Best Car» ýapon çeşmesi habar berýär.

Kompaniýalar 2017-nji ýyldan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýärler, şol wagt olar biri-biriniň paýdaryna öwrülipdiler. 2024-nji ýylyň sentýabryndaky ýagdaýa görä, Toyota kompaniýasy Mazda-nyň 5,1%-lik paýnamasyna eýe bolup, onuň üçünji iň uly paýdary bolup durýar. Olaryň ABŞ-nyň Hantswill şäherinde 2021-nji ýylda işe girizilen bilelikdäki zawody hem bar. Bu ýerde «Toyota Corolla Cross» we «Mazda CX-50» modelleri öndürilýär. Belläp geçsek, «Mazda CX-50» modeliniň gibrid görnüşinde Toyota Hybrid System tehnologiýasy ulanylýar. Şeýle-de Ýewropada satuwa çykarylan «Mazda 2 Hybrid» modeli bolsa, aslynda, «Toyota Yaris-iň» OEM görnüşi bolup durýar.
Indi kompaniýalaryň hyzmatdaşlygy täze derejä geçip biler. Toyota-nyň başlygy Akio Toýoda bilen Mazda-nyň prezidenti Masahiro Moronyň gowy gatnaşyklary saklaýandygy, şeýle-de olaryň awtoulaglara bolan höwesleriniň birmeňzeşdigi bellenip geçilýär.
Mazda-nyň inženerleriniň köpüsi häzirki wagtda Toyota Gazoo Racing bölüminde işleýärler. Bu ýagdaý täze nesil «Toyota GR Supra» modeliniň işlenip düzülýändigini görkezýär. Täze «GR Supra-nyň» 2027-nji ýylda çykmagyna garaşylýar. Käbir bilermenler bu taslamany «Mazda RX Vision» we «Toyota GR GT3» konseptleri bilen baglanyşdyrýarlar. Bu awtoulaglar baradaky jikme-jik maglumatlar soň mälim ediler.


28.06.2026 21:54
3.8k+

Toyota kompaniýasy Crown hatarynyň üç modeliniň täzelenen görnüşini taýýarlaýar

Toyota kompaniýasy Ýaponiýanyň bazary üçin Crown Crossover, Crown Sport we Crown Sedan modelleriniň täzelenen görnüşlerini taýýarlaýar. «Creative Trend» neşiriniň berýän maglumatlaryna görä, restaýling edilen......

24.06.2026 14:05
5.1k+

Toyota we Nissan ABŞ-da ýygnalan ulaglarynyň aýratynlyklary barada duýdurdy

Toyota we Nissan ýaponiýaly alyjylary ABŞ-da öndürilen ulaglarynda bolup biljek aýratynlyklar barada habardar etdi. Gürrüň, ABŞ-dan Ýaponiýa import edilýän «Toyota Tundra», «Toyota Highlander» we «Nissan......

24.06.2026 08:16
3.3k+

Toyota ekranlardaky näsazlyk sebäpli Hytaýda 9 müňden gowrak Land Cruiser Prado ulagyny yzyna çagyrýar

«FAW-Toyota» bilelikdäki kärhanasy Hytaýda ýerli önümçilikdäki «Land Cruiser 250 (Prado)» wnedorožnikleri üçin yzyna çagyryş kampaniýasynyň başlanandygyny yglan etdi. Hytaýa import edilýän meňzeş platformaly......

21.06.2026 21:15
5.1k+

Toyota rekord derejedäki satuwlara garamazdan, model sanyny azaltmak isleýär

Toyota kompaniýasy rekord derejedäki satuw görkezijilerine garamazdan, awtoulaglaryň model we görnüş sanyny azaltmagy, ünsüni bolsa iň köp isleg bildirilýän hem-de düşewüntli ugurlara gönükdirmegi......