Google emeli aňyň kömegi bilen Gmail-de gözlegi kämilleşdirdi

  • 25.03.2025 10:40
  • 2.1k+

Google emeli aňa esaslanýan algoritmi ulanmak bilen, Gmail-de gözlegi täzeledi. Bu barada The Verge habar berýär. Indi gözleg netijeleri diňe bir açar sözlere we hronologiýa bagly bolmaz. Ulgam hatlaryň möhletini we kontaktlar bilen aragatnaşyk ýygylygyny hem göz öňünde tutar.

“Bu täzelenmäniň netijesinde size gerek hatlar has uly ähtimallyk bilen gözleg netijesiniň başynda peýda bolar, bu hem siziň gymmatly wagtyňyzy tygşytlap, möhüm maglumaty gözlemegi ýeňilleşdirer” – diýip, kompaniýa habar berdi.

Täze funksiýa eýýäm ähli Gmail ulanyjylar üçin elýeterli. Ol web-wersiýada we Android hem iOS-da ykjam goşundylarda işleýär. Şol bir wagtyň özünde, köne gözleg ulgamy hiç ýere ýitmez, ulanyjylar netijeleriň hronologik tertipde görkezilmegini saýlap biler. 


03.06.2026 18:12
6.4k+

Google çybynlaryň sanyny azaltmak üçin tebigata 32 million çybyn goýberer

Google kompaniýasy çybynlar arkaly ýaýraýan kesellere garşy göreşmek maksady bilen, Kaliforniýada we Floridada ýörite işlenilen 32 milliona çenli çybyny tebigata goýbermegi göz öňünde tutýan taslamany durmuşa......

03.06.2026 15:15
3.4k+

Türkmenistanyň Gümrük gullugy «Bir penjire» ulgamyna emeli aňy girizdi

Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy «Eksport-import amallary üçin bir penjire» web-portalyna (tradebridge.gov.tm) emeli aň tehnologiýasyny goşdy. Bu täze tehnologik mümkinçilik 2026-njy ýylyň 1-nji iýunyndan......

28.05.2026 09:06
3.2k+

OpenAI emeli aň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine adam gözleýär – zähmet haky ýylda 445 müň dollar

OpenAI kompaniýasy emeli aňyň howpsuzlygy boýunça barlagçy wezipesine ýylda 445 müň dollara çenli aýlyk hakly iş ornuny açdy....

18.05.2026 14:48
3.9k+

Tehasda ilkinji gezek maglumat merkezleriniň gurluşygyna wagtlaýyn gadagançylyk girizildi

Tehas ştatynyň Hill okrugynyň ygtyýarlylar geňeşi oba ýerlerinde maglumat merkezleriniň gurluşygyny bir ýyl möhlet bilen togtatmak baradaky karary goldap ses berdi. Bu karar ştatyň taryhynda şeýle görnüşdäki......