24-nji marta geçilýän gije UEFA-nyň Milletler ligasynyň 1/4 finalynyň dört jogap oýny we pleý-offunyň sekiz jogap oýny tamamlandy. Olaryň netijesi boýunça Ýewropa sebitinden 2026-njy ýylyň dünýä çempionatyna saýlanjak toparlaryň gutarnykly düzümi kesgitlendi.
Dünýä çempionaty üçin ýollama ugrunda öz aralarynda şu aşakdaky toparlar bäsleşer:
- ·Toparça A: Germaniýa, Slowakiýa, Demirgazyk Irlandiýa, Lýuksemburg.
- ·Toparça B: Şweýsariýa, Şwesiýa, Sloweniýa, Kosowo.
- ·Toparça C: Daniýa, Gresiýa, Şotlandiýa, Belarus.
- ·Toparça D: Fransiýa, Ukraina, Islandiýa, Azerbaýjan.
- ·Toparça E: Ispaniýa, Türkiýe, Gruziýa, Bolgariýa.
- ·Toparça F: Portugaliýa, Wengriýa, Irlandiýa, Ermenistan.
- ·Toparça G: Niderlandlar, Polşa, Finlýandiýa, Litwa, Malta.
- ·Toparça H: Awstriýa, Rumyniýa, Bosniýa we Gersegowina, Kipr, San-Marino.
- ·Toparça I: Italiýa, Norwegiýa, Ysraýyl, Estoniýa, Moldawiýa.
- ·Toparça J: Belgiýa, Uels, Demirgazyk Makedoniýa, Gazagystan, Lihtenşteýn.
- ·Toparça K: Angliýa, Serbiýa, Albaniýa, Latwiýa, Andorra.
- ·Toparça L: Horwatiýa, Çehiýa, Çernogoriýa, Farer adalary, Gibraltar.
Häzirki dünýä çempiony 2022-nji ýylda Katarda geçirilen ýaryşyň finalynda Fransiýany utan Argentinadyr. Oýnuň esasy we goşmaça wagty 3:3 hasabynda tamamlandy. Oýundan soňky penalti tapgyrynda argentinaly futbolçylar 4:2 hasabynda ýeňiş gazandy.