Spilbergiň “Başga planetaly” filmindäki gelmişegiň modeli Sotheby’s auksionynda satylar

  • 24.03.2025 19:01
  • 7.3k+

Stiwen Spilbergiň E.T (Инопланетянин) filminden başga planetalynyň asyl modeli aprel aýynda Sotheby’s auksionynda satylar. Bu barada The Guardian habar berýär.

Boýy 91,5 sm bolan E.T 1982-nji ýylyň “Oskar” baýragyny alan filminde ulanyldy. Onuň bahasy 600-900 müň dollar diýlip hasaplanylýar. Model ýörite effektler boýunça hudožnik Karlo Rambaldä degişlidi, ol ony häzire çenli öz kolleksiýasynda saklady. Karlo “King-Kong” we “Keseki” (Чужой) ýaly filmleriň üstünde hem işledi.

“Biz auksiona çykarylan artefaktlaryň meniň maşgalama uly duýgulary getirip, çagalygymyň jadysyny döredişi ýaly, ýakyn ýyllarda olary aýawly saklajak adamlara hem uly şatlyk getirer diýip umyt edýäris” – diýip, hudožnigiň gyzy Daniela Rambaldi aýtdy.

Model “There Are Such Things” auksionyna goşular, bu ýerde onuň bilen bir hatarda “Başga planetalydan” hem-de Dewid Linçiň “Dýuna” filminden kostýumlar, rekwizit we eskizler satylar.
Bellenilişi ýaly, modeliň daşky keşbi Albert Eýnşteýniň gözleri, Ernest Hemingueý, Karl Sendberg we Rimbaldiniň maşgalasynyň pişigi ýaly dürli çeşmelerden ylham alyp ýasalypdyr.
Rambaldi “Başga planetaly” we “Keseki” üçin iň gowy wizual effektler üçin iki “Oskara”, şeýle-de “King-Konguň” üstünde alyp baran işleri üçin “Aýratyn hyzmatlary üçin” baýragyna mynasyp boldy. 


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......