Ýaponiýada sakura gülläp başlady

  • 24.03.2025 18:48
  • 6.6k+

Ýaponiýada köpden bäri garaşylýan - sakuranyň gülleýän möwsümi başlandy. Koti we Kumamoto prefekturalaryndaky agaçlarda ilkinji bäş-alty sany gunça pyntyk gülledi diýip, NHK teleýaýlymy habar berýär.

Sakuranyň güllemegi hanaminiň – güllere guwanmak däbiniň başlanandygyny  buşlady.
Şol bir wagtyň özünde Tokioda entek sakuranyň güllemändigi bellenýär. Ýasukuni ybadathanasyndaky ýörite “someý ýosino” sortly agajyň paýtagtda möwsümiň başlanmagynyň görkezijisi bolup hyzmat edýär. Adatça ilkinji gunçalardan başlap, doly gülleýänçä bir hepde töweregi wagt gerek bolýar.
Sakuranyň gül açyp oturýan möwsümi uzak dowam etmeýär: açylandan birnäçe gün soň gülüniň ýapraklary dökülip başlaýar. Bu aýratynlyk her bir pursadyň gymmatyny we gysga wagtlyk gözellikden lezzet almagy başarmalydygyny nygtaýan ýapon pelsepesiniň kemala gelmegine uly täsir etdi.


22.06.2026 23:12
3.6k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

18.06.2026 22:13
5.4k+

Ýaponiýada doňdurma öndürijileriniň özara dildüwşügi derňelýär

Ýaponiýanyň Adalatly we dogruçyl söwda boýunça komissiýasy alty sany uly doňdurma öndürijisiniň bahalary emeli ýollar bilen düzgünleşdirmeginde şübhelenip, derňew işlerine başlady....

04.06.2026 11:45
2.4k+

Ýaponiýada ýitip giten kekeçli ibisler gaýtadan ýetişdirilip, ýabany tebigata goýberildi

Ýaponiýada soňky onlarça ýylyň dowamynda ilkinji gezek, ozal bu sebitde doly ýitip giden kekeçli ibis guşlarynyň sekizisi ýabany tebigata goýberildi. Dabaraly çäre Hakui şäherinde geçirildi. Bu guşlaryň iň......

28.05.2026 17:06
4.4k+

Ýaponiýa we Gazagystandaky BMGÖM Kaspi deňzi üçin 3 million dollar sarp edýär

Ýaponiýanyň Hökümeti we BMG-niň Ösüş Maksatnamasy (BMGÖM) Gazagystanda Kaspi deňziniň suwunyň derejesiniň peselmegine garşy çärelere gönükdirilen 3 million dollar gymmatyndaky täze taslama badalga berýärler....