Jokowiç “Masters-1000” ýaryşlarynda ýeňiş sany boýunça Nadalyň rekordyny täzeledi

  • 24.03.2025 13:25
  • 2.5k+

Serbiýaly tennisçi Nowak Jokowiç “Masters-1000” ýaryşlaryndaky oýunlarda gazanan ýeňişleriniň sany boýunça täze rekord goýdy. Ol 411-nji oýunda ýeňiş gazanyp, hasabynda 410 ýeňiş bolan ispaniýaly Rafael Nadaldan öňe geçdi. 

Jokowiç Maýamide (ABŞ) geçirilýän ATP-1000 ýaryşynyň 1/8 finalyna çykdy. Ol üçünji tapgyrda argentinaly Kamilo Ugo Karabelini utdy. Onuň indiki garşydaşy italiýaly Lorenso Muzetti bolar. Türgenler dörtden bir finala çykmak üçin bäsleşer.
Maýamidäki ýaryş 19-njy martdan 30-njy mart aralygynda geçirilýär. Erkekleriň arasynda ýekelikdäki ýaryşyň umumy baýrak gaznasy 9,1 mln dollara barabar.
Ýaryşyň häzirki ýeňijisi dünýäniň birinji raketkasy, italiýaly Ýannik Sinnerdir. Geçen ýyl ol finalda bolgariýaly Grigor Dimitrowy utdy.
Sinner häzirki ýaryşa gatnaşmaýar – ol dopinge garşy düzgünleri bozandygy üçin üç aý oýunlardan çetleşdirildi. 


06.06.2026 11:31
3.1k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.2k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

23.05.2026 16:21
11k+

On adam üçin 1,4 milliard dollar: Forbes sport dünýäsiniň henizem weteranlar tarapyndan dolandyrylýandygyny görkezdi

Forbes žurnalynyň şu ýylky iň köp hak tölenýän türgenler boýunça reýtingi sportuň rowaýaty türgenleriniň 40 ýaşdan soň hem ýaş super ýyldyzlardan köp pul gazanýandygyny görkezdi....

19.05.2026 16:26
7.9k+

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň başlygy wezipesine gaýtadan saýlandy

Eziz Döwletow Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy wezipesine täze dört ýyllyk möhlete gaýtadan saýlandy. Bu çözgüt Aşgabatda geçirilen hasabat-saýlaw maslahatynda biragyzdan kabul edildi we......