Perseverance Marsda Ýezero kraterinden ýüzlerçe goýy çal reňkli şarlary bolan adaty bolmadyk gaýa tapdy

  • 24.03.2025 12:12
  • 3.5k+

Perseverance mars roweri Ýezero krateriniň Witch Hazel Hill depesindäki Broom Point diýen ýerde üstünde ýüzlerçe goýy çal reňkli ownuk şarlar bolan täsin gaýa tapdy. Alymlar häzirki wagtda bu görnüşleriň gelip çykyşyny öwrenýärler. Tapylan gaýa «St. Pauls Bay» diýlip at berildi.

Tapylan gaýanyň üstündäki bir millimetrlik şarlaryň diňe tegelek görnüşi däl-de, eýsem olaryň dürlüligi-de alymlary gyzyklandyrdy – olaryň käbiriniň şekili ellips, käbiriniň bolsa burçly gyralary bar we mikroskopik deşikleri bilen tapawutlanýarlar.
Perseverance bu sebite iki hepde mundan ozal gelipdi. Mundan ozal alymlar orbitadan seredip, bu ýerde goýy we açyk reňkli gatlaklaryň bardygyny anyklapdylar. Rower şol gatlaklaryň birini abraziw enjam bilen ýonup, täsin gurluşly gaýany ýüze çykardy. Barlaglar bu ownuk şarlaryň käbiriniň deformirlenendigini, ýagny egrem-bugramdygyny görkezdi. Bu bolsa olaryň emele geliş taryhynyň örän çylşyrymly bolandygyny aňladýar.
Mundan ozal beýleki mars rowerleri hem şular ýaly tegelek gurluşlary tapypdy. Alymlar bulary ýerasty suwlaryň täsiri, wulkanizm ýa-da meteoritleriň zarbalary bilen baglanyşdyrypdy.
«St. Pauls Bay» diýilýän bu gaýa geologlaryň «süýşen gaýa» (float rock) diýip atlandyrýan görnüşine degişlidir. Bu onuň wagtyň geçmegi bilen ilkinji dörän ýerinden başga bir ýere süýşendigini görkezýär. Alymlar bu ownuk şarlary Witch Hazel Hill depesindäki gara gatlaklar bilen baglanyşdyrmaga synanyşýarlar. Şeýdip olar sebitiň geologiki taryhyny has takyk anyklamak isleýärler.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....