Nike satuwlarynyň 20%-e çenli pese gaçyp biljekdigini duýdurdy

  • 23.03.2025 18:47
  • 3.4k+

Sport harytlaryny, egin-eşikleri we aýakgaplary öndürýän dünýäniň iň iri korporasiýalaryndan biri bolan Nike şu çärýegiň ahyrynda satuwlarynyň pese gaçyp biljekdigini duýdurdy. Munuň sebäbi bolsa, ABŞ-nyň hökümeti tarapyndan girizilýän täze salgytlar bolup durýar. Kompaniýanyň çaklamalaryna görä, bu pese gaçyş 10%-den 20%-e çenli bolup biler. Bu barada «CNBC» habar berýär.

«Häzirki wagtda biz birnäçe negatiw faktoryň täsirinde işleýäris, olaryň hatarynda bazardaky näbellilik, ýokary geosyýasy dartgynlylyk, täze salgytlar, walýutanyň durnuksyz hümmeti we salgyt düzgünleşdirmeleri bar. Bularyň ählisi sarp edijileriň ynamyna täsir edýär» — diýip, kompaniýanyň maliýe müdiri Mett Frend analitikler bilen geçiren telefon ýygnagynda aýtdy.

Nike kompaniýasynyň çärýeklik satuw baradaky çaklamasy, LSEG-iň soragnamasyna gatnaşan analitikleriň garaşan görkezijisinden hem pes boldy. Olar satuwlaryň 11,4% azaljakdygyny çaklapdylar. Bu beýanatlardan soň kompaniýanyň paýnamalarynyň bahasy 2% aşaklady. Birža söwdasy tamamlanandan soň bolsa, bahalary ýene 6% pese gaçdy.


düýn 10:53
2k+

FT: ABŞ-nyň ösen kompaniýalary emeli aň zerarly 52 müň işgäri işden çykarmaga taýýarlanýar

ABŞ-nyň iri kompaniýalary emeli aň tehnologiýalarynyň giňden ornaşdyrylmagy we zähmet bazaryndaky ösüşiň haýallamagy sebäpli 52 müňe golaý işgäri azaltmagy meýilleşdirýärler. Bu barada Financial Times neşiri habar berýär...

25.12.2025 11:05
2.9k+

Tim Kuk Nike-yň 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy, şondan soň olaryň bahasy 5% ýokarlandy

Apple-yň baş direktory Tim Kuk Nike kompaniýasynyň takmynan 3 million dollarlyk paýnamasyny satyn aldy. Reuters agentliginiň habar bermegine görä, işewür kompaniýanyň çärýeklik hasabatynyň gowşak çykmagy sebäpli nyrhlar pese gaçandan soň, her biri 58,97 dollardan bolan 50 müň sany paýnamany satyn aldy...

20.10.2025 17:43
1.9k+

Forbes zenanlar üçin iň gowy kompaniýalaryň reýtingini düzdi: Netflix, Apple we Coca-Cola

Soňky ýüz ýylda dünýäniň köp böleginde zenanlaryň iş şertleri düýpli üýtgedi – häzirki günde olar giň mümkinçiliklere we hukuklara eýe bolup, köp kärde zähmet çekip bilýär. Şeýle-de bolsa, Deloitte Global Women @ Work 2025 gözleginiň görkezişi ýaly, deňlik barada gürlemekden entek ir...

20.09.2024 22:44
4.8k+

Nike-yň ýolbaşçysy wezipeden gidýär: bu paýnamalaryň gymmatlamagyna getirdi

Nike kompaniýasynyň prezidenti we baş ýerine ýetiriji müdiri Jon Donahýu 2024-nji ýylyň 14-nji oktýabryndan wezipeden gider. Bu barada kompaniýanyň müdirler geňeşiniň beýanynda habar berilýär. Kompaniýanyň ýolbaşçysy...