Xiaomi-niň ýolbaşçysy 6-njy gatdan garpyz taşlap, SU7 Ultra-nyň batareýasynyň berkdigini görkezdi

  • 24.03.2025 06:04
  • 4.8k+

Xiaomi kompaniýasynyň ýolbaşçysy Leý Szýun Hytaýyň sosial torlarynda täsin bir wideo paýlaşdy. Ol wideoda kompaniýanyň zawodynyň altynjy gatyndan bir garpyzy aşak taşlaýar. «CarNewsChina» neşiriniň ýazmagyna görä, bu täsin synag «SU7 Ultra» supersedanyň batareýasynyň mehaniki täsirlere nähili durnuklydygyny görkezmek üçin edildi.

Wideodaky garpyz adaty garpyza meňzemeýär. Ol çal-polat reňkli, demir top ýaly görünýär. Garpyz asfalta düşende döwülmelidi, şol bir wagtda oňa hiç zeper hem ýetmedi. Sebäbi onuň ýüzi ýörite berk örtük bilen örtülen. Şol örtük elektrokaryň batareýasynda hem ulanylýar. Ol heläkçilik bolan ýagdaýynda, ulagyň batareýasyna zeper ýetmeginiň öňüni almak üçin ýörite işlenip taýýarlanan.
«SU7 Ultra» modeli 93,7 kWt sygymly CATL batareýasy bilen üpjün edilýär. Xiaomi ony aýratyn gorag ulgamlary bilen berkidýär. Batareýanyň içinde termiki, elektrik we mehaniki gorag ulgamlary bar. Metal karkas bilen örtülen we ýylylygy kadalaşdyryş ulgamy bilen enjamlaşdyrylan batareýanyň zarýadyny bary-ýogy 11 minutda 10%-den 80%-e çenli dolduryp bolýar. Şeýle-de 1548 at güýjüni öndürýän üç sany elektrikli hereketlendiriji bilen enjamlaşdyrylan elektrokar, bir gezeklik zarýad bilen 620 kilometr ýol geçip bilýär.


29.05.2026 23:38
3.4k+

Honda 15,7 milliard dollar zyýan çekendigine garamazdan, täze elektrik ulag platformasyny döreder

Honda kompaniýasy geljekki modeller üçin doly elektrik we gibrid awtoulaglaryň öndürilmegine mümkinçilik berjek täze arhitekturany işläp düzýär. Bu karar ABŞ-nyň bazaryndaky elektrik awtoulaglaryny ösdürmek......

28.05.2026 12:32
3.6k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 14:16
1.8k+

Ferrari ilkinji elektromobilini hödürleýär: täzelik kompaniýanyň aksiýalaryny aşak düşürdi

Italiýanyň meşhur awtomobil öndürijisi Ferrari özi üçin taryhy ädim ädip, Rim şäherinde ilkinji gezek doly elektrik togy bilen işleýän «Luce» atly täze modelini tanyşdyrdy. Bäş orunlyk bu üýtgeşik ulag......

26.05.2026 16:04
2.4k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....