Pixel 9a bilen iPhone 16e deňeşdirildi: bäsdeş smartfonlar nähili artykmaçlyklary hödürleýär

  • 24.03.2025 18:54
  • 4.1k+

Ýakynda ortaça arzan smartfonlaryň bazarynda bäsdeş brendlerden iki smartfon peýda boldy – Google Pixel 9a we Apple iPhone 16e. Bilermenler haýsysynyň dürli ulanyjylar üçin laýykdygyny anyklamak maksady bilen, olary kuwwaty, kameralary we bahalary taýdan deňeşdirdi.

Gurluşlaryň ikisi-de dürli islegli ulanyjylar üçin niýetlenýär. Android Authority kompaniýalaryň garaşylmadyk ýagdaýda ýerlerini çalşandygyny belleýär. Eger ozal iPhone-y adaty ulanyjy, Pixel-i bolsa tehnologiýa muşdaklary saýlan bolsa, häzir bu tersine boldy. iPhone 16e çylşyrymly meseleler üçin kuwwatly gural, Pixel 9a bolsa ulanmakda ykjam we ýönekeý gural boldy.
iPhone 16e oýunlar we gündelik ýumuşlar üçin ýokary öndürijilikli A18 çibi bilen enjamlaşdyryldy. Pixel 9a-da oturdylan Tensor G4 çibi sähel kämilleşdirildi we köptaraplaýynlyga däl-de, netijelilige üns berildi.
Emeli aň taýdan Pixel 9a smartfony Gemini AI-iň netijesinde öňdebaryjy boldy, iPhone 16e-däki Apple Intelligence bolsa häzirlikçe yza galýar – köp wada berlen funksiýalar gijikdirilýär, elýeterli funksiýalar bolsa garaşylyşy ýaly birkemsiz işlemeýär. Ýöne esasy EA mümkinçilikleriniň Gemini programmasy arkaly iki platformada hem elýeterlidigini bellemek gerek.
iPhone 16e-niň dizaýny düýpgöter täzelendi – indi bu Face ID-li döwrebap flagmandyr. Pixel 9a diňe kosmetiki üýtgeşmelere eýe boldy.
Pixel 9a-nyň kameralary (48 Mp we 13 Mp) Macro Focus we ýyldyzlary surata almak ýaly funksiýalary hödürläp, iPhone 16e-niň ýeke modulyndan üstün çykýar.
Pixel 9a-nyň bahasy - $499, iPhone 16e - $599. Ýöne iPhone gymmatyny uzak saklaýar we kuwwatly prosessorynyň netijesinde geljek üçin has gowy taýýarlanan.
Ahyrynda bilermenler haýsy smartfony saýlamalydygynyň ulanyjynyň ileri tutmalaryna baglydygy baradaky netijä geldi: Pixel 9a foto we tygşytlylyk, iPhone 16e uzak wagtlap ulanmak we oýunlar üçin laýyk geler. 


16.05.2026 11:20
3.8k+

Stiw Jobs hümmeti 1 dollar bolan täze teňňäniň ýüzi boldy

ABŞ-nyň Zikgehanasy Apple kompaniýasynyň esaslandyryjylarynyň biri Stiw Jobsa bagyşlanan, hümmeti 1 dollar bolan ýadygärlik teňňesini resmi taýdan satuwa çykardy. Bu teňňe barada geçen ýyl yglan edilipdi....

07.05.2026 21:13
3k+

Apple “akylly” Siri-ni gijikdirendigi üçin iPhone 16 we iPhone 15 Pro-nyň eýelerine 250 million dollar tölär

Apple kompaniýasy Siri ses kömekçisiniň emeli aň (AI) funksiýalary bilen enjamlaşdyrylan täze görnüşiniň gijikdirilmegi zerarly ABŞ-da gozgalan köpçülikleýin kazyýet işini ýatyrmak üçin 250 million dollar......

11.04.2026 14:59
8k+

Dünýäde iň geçginli smartfonlaryň 10-lugyna birbada 5 sany iPhone girdi

2025-nji ýylyň dördünji çärýeginde dünýäde iň köp satylan 10 modeliň arasynda iPhone smartfonlary bäş orny eýeledi. Muňa Counterpoint Research kompaniýasynyň maglumatlary şaýatlyk edýär....

07.04.2026 10:40
2k+

Jübiňizdäki emeli aň: Google Gemma 4 modelleri smartfonlarda özbaşdak görnüşde işläp biler

Google kompaniýasy Gemini 3 tehnologiýalaryna esaslanýan iň akylly açyk emeli aň modelleriniň täze toplumy bolan Gemma 4-i resmi taýdan tanyşdyrdy....