Opel meşhur «Corsa» modeliniň has arzan Business Edition görnüşini hödürledi

  • 23.03.2025 12:26
  • 4.5k+

Opel meşhur «Corsa» modeliniň täze we has elýeterli bahadan Business Edition görnüşini hödürledi diýip, «32CARS» habar berýär.

Täzelenmeler 1,2 litrlik, 100 at güýjüni öndürýän benzinli hereketlendirijili görnüşine, şeýle hem gibrid we doly elektrikli görnüşlerine degişli. Mysal üçin, benzinli «Corsa Business Edition-yň» bahasy indi 23999 ýewrodan başlaýar, öňki bahasy 26649 ýewrody.
Şol bir motory bolan, awtomat karobkaly gibrid wersiýasynyň bahasy 25999 ýewrodan başlaýar, öňki bahasy 28400 ýewrody. Doly elektrik energiýasy bilen işleýän, 50 kWt-sagatlyk batareýaly we 136 at güýjüni öndürýän «Corsa Electric» modeliniň bahasy bolsa, indi 28999 ýewro, bu hem öňküsinden 4,5 müň ýewro arzan. 156 at güýjüni öndürýän we 51 kWt-sagatlyk batareýaly has güýçli «Corsa Electric» modeliniň bahasy 29999 ýewrodan başlaýar we bu hem alyjylara 4,5 müň ýewro tygşytlamaga mümkinçilik berýär.
Täze model käbir peýdaly aýratynlyklar bilen baýlaşdyrylan: yzky kamera, öňdäki park sensorlary we elektrikli aýnalar. «Opel Corsa» 2025-nji ýylda hem şäherde we iş maksatly ulanylýan iň amatly ýeňil awtoulaglaryň biri bolup galýar.


09.10.2025 18:18
8.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.7k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.7k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...

31.08.2025 08:52
7.2k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...