Adam şekilli robot taryhda ilkinji gezek gapdal saltony ýerine ýetirdi: wideo

  • 22.03.2025 23:26
  • 5.9k+

Unitree Technology kompaniýasy “Unitree G1: gapdal saltony ýerine ýetiren dünýäde ilkinji adam şekilli robot” ady bilen wideo hödürledi.

Bir ýyl ozal G1-den öňki Unitree H1 roboty gumanoid robotlaryň arasynda dünýäde ilkinji bolup yza salto etmek bilen haýran galdyrypdy. Häzir bolsa Unitree G1 roboty duran ýerinde has çylşyrymly gapdal saltony ýerine ýetirdi.
Wideoda robotyň bu kyn hereketi ýerine ýetirenden soň, deňagramlylygy saklaýandygy görünýär. Kompaniýa Unitree G1-iň hiç hili zyýan çekmändigini aýtdy.
Unitree robotyň algoritmlerini yzygiderli täzeläp, oňa has çylşyrymly we takyk hereketleri öwrenmäge hem özleşdirmäge mümkinçilik berýär. G1-iň gurluşy 23 erkinlik derejesini göz öňünde tutýar.
130 sm töweregi boýy we 35 kg agramy bilen Unitree G1 bir zarýadda 2 sagada çenli işläp bilýär, 3D lidar bolsa robotyň töweregindäki giňişligiň takyk kartasyny döretmegini we päsgelçiliklerden gaça durmagyny kepillendirýär. Çalt çalşyp bolýan akkumulýator arkaly bolsa robotyň bütin gün işlemegini gazanyp bolýar.
G1-iň iň ýokary tizligi sagatda 7,2 kilometre barabar.
Unitree G1 dürli işleri ýerine ýetirmek üçin barmakly kömekçi eller bilen üpjün edildi. Şeýle robotlary gurnama konweýerlerinde, şol sanda awtozawodlarda ulanmak meýilleşdirilýär.

düýn 22:06
370

83-nji Wenesiýa kinofestiwalynyň eminler düzümi yglan edildi

83-nji Wenesiýa halkara kinofestiwalynyň guramaçylary esasy bäsleşigiň eminler düzümini yglan etdi....

düýn 20:58
4.3k+

Täjigistanda daşary ýurtlulara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne diňe kesgitli sebitlerde

Täjigistanda daşary ýurt raýatlaryna we raýatlygy bolmadyk şahslara ýaşaýyş jaýlaryny satyn almaga rugsat berler, ýöne jaýy diňe ýurduň hökümeti tarapyndan kesgitlenjek çäklerde satyn alyp bolar....

düýn 19:11
2.7k+

«Türkmentelekom» edara-kärhanalara wirtual Call-center hyzmatlaryny hödürleýär

«Türkmentelekom» elektrik aragatnaşyk kompaniýasy döwlet we hususy guramalara ýüz tutmalary kabul etmek hem-de müşderiler bilen özara gatnaşyklaryň netijeliligini ýokarlandyrmak üçin niýetlenen Call-center......

düýn 19:04
4.2k+

Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy ýük ulaglary üçin sürüjileri işe alýar

Türkmenistanyň Awtomobil ulaglary ministrliginiň Aşgabatdaky awtoulag kärhanasy «KamAZ 6520» kysymly agyr ýük göteriji awtoulaglary dolandyrjak sürüjileri işe alýandygyny mälim etdi....