ABŞ-da tutuşlygyna robotlar tarapyndan dolandyrylýan dükan açyldy

  • 23.03.2025 12:22
  • 7k+

ABŞ-nyň Kaliforniýa ştatynyň Demirgazyk Golliwud sebitinde ilkinji awtonom dükan bolan VenHub işe başlady. Bu ýerde müşderilere tutuşlygyna robotlar hyzmat edýär diýip, «TechEBlog» habar berýär.

Dükanda, takmynan, 400 dürli haryt bar we dört sany sargydy beriş penjiresi arkaly birnäçe müşderä hyzmat edilýär.
Müşderiler harytlary islendik wagt saýlamak, töleg geçirmek we almak üçin öz smartfonlaryna VenHub ykjam goşundysyny ýüklemeli. VenHub kompaniýasy söwda ulgamyny özgertmegi maksat edinýär. Bu dükanda harytlaryň robotlar tarapyndan satylmagy bilen bir hatarda, ammarlar hem awtomatiki usulda dolandyrylýar.
Şeýle dükanlaryň açylmagy, bölekleýin söwdanyň täze derejesini alamatlandyrýar we adam zähmetine bolan zerurlygy peseldýär, şeýle-de müşderi hyzmatlarynyň has çalt hem netijeli bolmagyny üpjün edýär.


düýn 16:10
3.1k+

ABŞ-a we Hytaýa jogap: ÝB 400 mlrd parametrli özbaşdak EA dil modeliniň döredilmegini maliýeleşdirer

Ýewrokomissiýa fewral aýynda badalga berlen «Frontier AI Grand Challenge» bäsleşiginiň jemlerini yglan etdi. Italiýanyň Domyn IT-kompaniýasynyň ýolbaş-çylygyndaky «Europa» konsorsiumy bu bäsleşigiň ýeňijisi......

20.06.2026 09:37
1.9k+

99,9% takyklyk: «Helios» kwant kompýuteri täze dünýä rekordyny goýdy

Sandia kompaniýasynyň amerikan hünärmenleri 98 kwbitlik täze «Helios» kwant kompýuterini görkezdiler. Enjam bazarda elýeterli bolan ähli täjirçilik gurluşlarynyň arasynda hasaplamalaryň takyklygy boýunça......

19.06.2026 22:31
6k+

Gobi çölünde 45°C yssyda 17 sagat: Honor X80 Pro Max üýtgeşik synagdan geçirildi

Resmi premýeranyň öň ýanynda täze Honor X80 Pro Max smartfony çydamlylyk boýunça üýtgeşik synagdan geçirildi. Synaglary Gobi çölüniň töwereginde işleýän kosmos pudagynyň inženerleri geçirdi....

19.06.2026 18:36
973

ABŞ-nyň hökümeti Anthropic-iň iki EA modeliniň işini gadagan etdi

Anthropic kompaniýasy ABŞ-nyň häkimiýetlerinden daşary ýurt raýatlarynyň bu ulgamlary ulanmagyny çäklendirýän görkezmäni alandan soň, Fable 5 we Mythos 5 modellerine elýeterliligi bes edendigini habar berdi....