Türkmenistanda Milli bahar baýramy mynasybetli dabaralar geçirildi

  • 22.03.2025 11:16
  • 5.7k+

21-nji martda Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky “Nowruz ýaýlasynda” Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli esasy dabaralar ýaýbaňlandyryldy.

Baýramçylyk dabaralarynda halkymyzyň gadymdan gelýän, parahatçylyk söýüjilige, hoşniýetli goňşuçylyga, dostluga, açyklyga, zähmetsöýerlige, döredijilige esaslanýan däp-dessurlary öz beýanyny tapdy.
Folklor-etnografik sahna eserlerinde, artistleriň çykyşlarynda gadymy döwürlerden şu günlere çenli gelip ýeten Nowruz baýramynyň taryhy hem-de däpleri janlandyryldy. “Nowruz ýaýlasynda” bezemen ak öýler dikilip, türkmen obasynyň keşbi emele getirildi. Onda halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş, maşgala bilen bagly däp-dessurlary, oba durmuşynyň aýratynlyklary şöhlelendirildi. Şeýle hem bu ýerde milli amaly-haşam sungatynyň eserleri, senetleriň görnüşleri görkezildi.

“Nowruz ýaýlasynda” ýaýbaňlandyrylan baýramçylyga bagyşlanyp, Türkmenistanyň sungat ussatlarynyň konserti geçirildi. Konsertiň maksatnamasyna Garaşsyz, hemişelik Bitarap Watanymyzy, Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüni, gazanylýan uly üstünlikleri, agzybir türkmen halkyny wasp edýän aýdym-sazlar, tans we halk döredijilik eserleri girizildi. Meşhur aýdymçy-sazandalar, söz ussatlary, “Meňli”, “Laçyn”, “Galkynyş”, “Serpaý”, “Aşgabat”, “Näzli”, “Miras” we beýleki döredijilik toparlary öz zehinini görkezdiler. Joşgunly küştdepdi tansy konsertiň iň şowhunly çykyşlarynyň biri boldy.



Milli bahar baýramy — Halkara Nowruz güni mynasybetli dabaralar ýurdumyzyň welaýatlaryndaky “Türkmeniň ak öýi” binalarynyň öňündäki meýdançalarda, Arkadag şäherinde hem geçirildi.


düýn 22:11
973

Tähranda Magtymguly Pyragynyň mirasyna bagyşlanan maslahat geçirildi

16—17-nji iýun aralygynda Tähran şäherinde beýik türkmen şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň ömrüne hem-de döredijiligine bagyşlanan birnäçe çäreler geçirildi. Bu barada Türkmenistanyň Daşary işler......

17.06.2026 11:24
6k+

Türkmenistanda diňe ene süýdi bilen iýmitlendirmegi goldamak boýunça kampaniýa başlandy

Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi, Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasy hem-de ÝUNISEF çagalary ömrüniň......

15.06.2026 22:10
3.8k+

Türkmenistanly küştçi gyz Aktobedäki ýaryşda zenanlaryň arasynda iň ökdesi boldy

Türkmenistanly küştçi Mähri Agamyradowa Gazagystanyň Aktobe şäherinde 3—11-nji iýun aralygynda geçirilen «Wladimir Dworkowiçiň memorialy — Aktobe Open 2026» halkara ýaryşynda zenanlaryň arasynda iň gowusy......

15.06.2026 21:13
4k+

Türkmenistanda A.S.Puşkiniň ertekilerinden el haly dokaldy

Türkmenistanyň «El Darak» haly kärhanasy Türkmen halysynyň milli muzeýi bilen hyzmatdaşlykda beýik rus şahyry Aleksandr Sergeýewiç Puşkiniň ertekileriniň esasynda özboluşly el halyny dokady. Bu taslama......