Disney “Güýçli reýnjerleriň” esasynda täze serial çykarmagy meýilleşdirýär

  • 22.03.2025 10:49
  • 3.1k+

Disney kompaniýasy “Güýçli reýnjerler” (Могучие рейнджеры) franşizasy boýunça täze serialyň önümçiligine girişdi. Bu barada The Wrap neşiri habar berýär. Önümçilik bilen Hasbro kompaniýasy meşgullanar. Ol franşizany täze nesil üçin başgaça hödürlemegi göz öňünde tutýar.

Disney eýýäm taslama üçin awtor tapdy – ol “Persi Jekson we Olimpiýaçylar” başdangeçirmeler serialynyň awtory Jonatan Staýnberg we Den Şots bolup biler. Şertnama heniz baglaşylmady. Häzir Disney+ we 20th Century TV olar bilen gepleşikleri alyp barýar: täze “Güýçli reýnjerler” hut bu platformalarda çykar.
“Güýçli reýnjerler” franşizasy 1990-njy ýyllardan bäri bar bolup, toparlaýyn işiň kömegi bilen dünýäni dürli zalymlardan halas edýän supergahrymanlar-reýnjerleriň topary barada gürrüň berýär. Ençeme ýyllaryň dowamynda franşiza boýunça dürli aktýorlaryň gatnaşmagynda seriallar hem multseriallar ýaly 30-dan gowrak möwsüm çykaryldy.  
Şeýle-de, öň doly metražly filmleriň kömegi bilen ony täzeden çykarmaga synanyşyk edildi. Soňky film 2017-nji ýylda çykdy we 100 mln dollar býujet bilen bary-ýogy 142 mln dollar gazandy.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......