Ispaniýada tapylan iň gadymy adam galyndylary Pink Floyd toparynyň hormatyna atlandyryldy

  • 22.03.2025 09:20
  • 4.7k+

Ispaniýada arheologlar Günbatar Ýewropada häzire çenli belli bolan adam galyndylarynyň iň gadymysynyň süňk böleklerini – ýitip giden görnüşiň uly ýaşly wekiliniň çep ýaňagyny we ýokarky äňini tapdy. The Guardian neşiriniň maglumatlaryna görä, tapyndynyň ýaşy 1,1-1,4 mln ýyl diýlip hasaplanýar.

Bu açyş irki pleýstosen döwründe Pireneý ýarym adasynda gadymy adamlaryň azyndan iki görnüşiniň ýaşandygyny tassyklaýar. Galyndylar Burgosdaky Sima-del-Elefante gowagynda tapyldy.
Ozal sebitde iň gadymy adam galyndylary diýlip bu gowakdan tapylan 1,1-1,2 mln ýaşly äň süňkleriniň we dişleriniň bölekleri hasaplanýardy.
Alymlar täze görnüşiň Homo erectus-a ýakyndygyny çaklap, ony Homo affinis erectus diýip belledi. Ýöne tapyndy Pink Floyd toparynyň hormatyna “Pink” resmi däl adyny aldy. Bu olaryň “The Dark Side of the Moon” albomynyň ady bilen baglanyşyklydyr. Ol latynça “La cara oculta de la Luna” diýlip terjime edilýär we bu ýerde cara oculta “gizlin ýüz” diýmegi aňladýar.
Doktor Mariýa Martinon-Torres “Pinkiň” aýratynlyklarynyň arasynda Homo antecessor bilen deňeşdirilende burnuň has tekiz gurluşyny belledi.
Britaniýaly alym Kris Stringer bu galyndylary “örän möhüm tapyndy” diýip hasaplaýar.


13.06.2026 12:29
5.8k+

Alymlar 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltdi

Alymlar Şanidar gowagyndan tapylan, takmynan, 75 müň ýyllyk neandertalyň kelleçanagyny gaýtadan dikeltmegi başardy. Bu ylmy gözlegiň netijeleri «Antiquity» žurnalynda neşir edildi....

12.06.2026 07:53
3.3k+

Rim papasy dünýäniň iň beýik ybadathanasynyň baş diňini keramatlaşdyrdy

Barselona şäherinde taryhy waka bolup geçdi: Rim papasy Lew XIV meşhur Keramatly Maşgala ybadathanasynda (Sagrada Familiýa) messa geçirdi we Isa pygamberiň diňini keramatlaşdyrdy....

07.06.2026 20:06
3.6k+

Norwegiýada XI asyra degişli kümüş teňňelerden ybarat uly göwrümli hazyna tapyldy

Norwegiýaly arheologlar Rena şäheriniň golaýyndaky meýdançada wikingler döwrüne degişli bolan 4772 sany kümüş teňňeden ybarat gymmat bahaly hazynany ýüze çykardylar....

05.06.2026 11:37
3.9k+

Notr-Dam ybadathanasynyň aşagyndan 1700 ýyllyk gadymy tapyndylar ýüze çykaryldy

Pariždäki Notr-Dam ybadathanasynyň öňündäki meýdançada geçirilen gazuw-agtaryş işleriniň dowamynda arheologlar ýaşy 1700 ýyla ýetýän ýüzlerçe gadymy tapyndyny ýüze çykardylar. Bu tapyndylar rim döwrüne, irki......