Xiaomi YU7 krossoweri 770 km-e çenli ýöreýiş ätiýaçlygy we 691 at güýjüne deň kuwwat bilen bazara çykar

  • 21.03.2025 18:58
  • 4.8k+

Xiaomi YU7 krossoweri Hytaýyň MIIT platformasynda şahadatnama aldy we birnäçe wersiýada çykar. Modeliň iýun-iýul aýlarynda satuwa çykarylmagyna garaşylýar. Aňrybaş ýöreýiş ätiýaçlygy 770 km bolar diýip, Gizmochina habar berýär.

Krossower damja şekilli faralar, süýnmek bamper we aerodinamiki profil bilen enjamlaşdyrylandyr. Ýarym gizlin gapy tutawaçlary, çarçuwasyz aýnalar we özboluşly galo çyraly “ördek guýruk” spoýler daşky görnüşiniň üstüni ýetirýär.
YU7-niň ölçegleri 4999 × 1996 × 1608 mm, tigir bazasy 3000 mm.
Salonynda ýöreýiş ätiýaçlygyny, tizligi we nawigasiýany görkezýän goşmaça gural panelli ekrany bar. Käbir wersiýalarynda awtonom sürüşiň giňeldilen funksiýalary üçin üçekde oturdylan LiDAR ulgamy bolar. Esasy modelleri awtopilot bilen hem üpjün ediler.
YU7 bir we iki hereketlendirijili görnüşde hödürlener. Kuwwaty - 235 kWt-dan (sagatda 240 km) 508 kWt-a çenli (691 at güýji, sagatda 253 km).
Akkumulýatorlary - NMC 96,3 kWt (675-770 km) we 101,7 kWt (670-760 km). Yzky tigri hereketli wersiýa üçin LFP batareýasy bar.
Başlangyç bahasy 250 000 ýuan (takmynan 34,5 müň ABŞ dollary) bolar diýip garaşylýar.


26.05.2026 16:04
2.5k+

Xiaomi YU7 krossoweriniň täze wersiýalaryny görkezdi: 1000+ at güýji we “ýüze” 2,92 sekuntda tizlenme

Xiaomi kompaniýasy Xiaomi YU7 elektrokrossoweriniň täze wersiýalaryny — «YU7 Standard» we «YU7 GT» kysymlaryny hödürledi....

20.05.2026 11:31
1.9k+

Xiaomi YU7 GT krossowerleriň arasynda Nýurburgringiň rekordyny goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrik krossoweri seriýaly SUV awtomobilleriniň arasynda Nýurburgring Nordşlýaýfe ýolunda 7 minut 34.931 sekunt wagty görkezip, ýaryş ýolunyň täze rekordyny goýdy....

13.05.2026 23:24
3.2k+

BMW bilen Porsche-niň öňki inženerleri Xiaomi-niň Ýewropadaky dizaýn merkezinde işlärler

Xiaomi kompaniýasy Mýunhen şäherinde dizaýn we işläp düzüş merkezini açdy. Bu barada Pekinde geçirilen awtosalonyň dowamynda yglan edildi. Taslamanyň toparyna mundan ozal BMW we Porsche kompaniýalarynyň......

03.05.2026 23:50
1.4k+

Täze Xiaomi SU7 Max iň çalt dört gapyly sedan boldy

Täze Xiaomi SU7 Max Çžeszýan halkara ýaryş ýolunda 1:37.974 wagt görkezip, bahasy 500 müň ýuandan (takmynan 73 müň dollar) aşak bolan tapgyrlaýyn öndürilýän dört gapyly awtoulaglaryň arasynda iň çalt netijäni......