Opel hatda kondisioneri hem bolmadyk Rocks elektromobilini çykardy

  • 21.03.2025 17:15
  • 6.1k+

Germaniýanyň Opel awtoöndürijisi ykjam Rocks elektromobiliniň täzelenen wersiýasyny hödürledi. Minimalizme kowalaşmak bilen kompaniýa hatda ulagda adaty kondisioner hem oturtmady diýip, Carscoops habar berýär.

Ýewropa we amerikan düzgünlerine görä, Rocks 15 ýaşdan başlap sürüji şahadatnamasy bolmazdan sürüp boljak agyr kwadrosikl hasaplanýar.
Model 2021-nji ýylda Rocks-e hökmünde peýda boldy, ýöne soň Rocks Electric adyny aldy. Stellantis konserniniň düzümine girýän nemes brendiniň elektrokary Citroen Ami we Fiat Topolino ulaglaryna esaslanýar. Onuň esasy bäsdeşi Renault Mobilize Duo hasaplanýar.


Ýakynda uly üýtgeşmelere eýe bolan Citroen Ami-den tapawutlylykda, Opel Rocks öňki dizaýnyny saklap galdy. Öň bölegini yzkydan tapawutlandyrmak kyn, diňe oturgyçlaryň ugry boýunça kesgitläp bolýar. Awtomobil iki gapy bilen üpjün edildi: sürüji gapysy Rolls-Royce-yňky ýaly hereketiň garşysyna, ýolagçy gapysy adaty görnüşde açylýar.


Täzelikleriň arasynda gara radiator gözenegi we yşyk diodly faralar bar. Interýerde bolsa diňe ak-çal reňk gammasy galdyryldy.
Multimedia ulgamynyň deregine smartfon saklaýjysy we ýörite firma programmasy bar. Şeýle-de, USB porty, panorama üçegi we elde açylýan gapdal aýnalary bar.
Elektromotoryň kuwwaty 8 at güýjüne deň. Geçýän menzili – 75 km çenli. Iň ýokary tizligi – 45 km/sag. Satuwyň başlanjak senesi we bahasy heniz yglan edilmedi.


09.10.2025 18:18
8.8k+

2025-nji ýylyň iň ygtybarly we meseleli awtomobilleri belli boldy

WhatCar awtožurnalynyň hünärmenleri awtomobilleriň ygtybarlylygy boýunça 2025-nji ýylyň reýtingini düzdi. Pikir soraşma 32 000 ulag eýesi gatnaşdy. Olar iki ýyl bäri ulanylyp gelinýän ulaglarynda ýüze çykan döwükler we näsazlyklar barada gürrüň berdi...

27.09.2025 19:12
9.7k+

Opel Grandland-e çyralar arkaly pyýadalar bilen "dil tapyşmany" öwretdiler

Stellantis konserni Opel Grandland krossoweriniň täze nusgasyny tanyşdyrdy. Ol pyýadalar we ýol hereketine gatnaşýan beýleki adamlar bilen ýagtylyk arkaly aragatnaşyk saklap bilýär. Ulag üçünji derejeli «awtopilot» ulgamy, kameralar we ýagdaýy seljerip, ýol hereketindäki «meýilleri çaklaýan» emeli aň bilen enjamlaşdyryldy...

19.09.2025 14:53
2.7k+

755 müňden gowrak Opel, Peugeot, Fiat we Citroën ýangyjyň syzyp bilmegi sebäpli yzyna gaýtarylýar

Maserati, Chrysler we Jeep brendlerini öz içine alýan Stellantis konserni ýangyjyň syzmak töwekgelçiligi sebäpli bütin dünýäde 755 müňden gowrak awtomobili yzyna gaýtarýar. Bu mesele ýangyna getirip biler diýip, Bild gazeti habar berdi...

31.08.2025 08:52
7.2k+

Opel pikirini üýtgedip, içinden ýandyrylýan hereketlendirijili ulaglaryny aýyrmaga howlukmaz

Germaniýanyň Opel awtoulag öndürijisi içinden ýandyrylýan hereketlendirijili awtoulaglaryny önümçilikden aýyrmak baradaky meýilnamasyna täzeden garady. Bu barada ITHome portaly habar berýär. Iki ýyl ozal kompaniýa 2025-nji ýyldan başlap ähli täze modelleriň elektrikli görnüşde öndüriljekdigini we 2028-nji ýyla çenli Ýewropada diňe elektrik ulaglarynyň satyljakdygyny mälim edipdi...