Nissan 2007-nji ýylda önümçilikden aýrylan Primera modelini gaýtadan dikeldýär

  • 21.03.2025 12:00
  • 3.9k+

Ýaponiýanyň Nissan awtoulag ägirdi 2007-nji ýylda önümçiligi bes edilen Primera modelini yzyna getirmegi meýilleşdirýär. Ol elektrokara öwrüljege meňzeýär diýip, Carscoops portaly ýazýar.

Bu barada kompaniýanyň Malaýziýada Primera haryt nyşanyny bellige aldyrmak baradaky arzasy göze ilenden soň gürrüň edilip başlandy. Resminamada häzirki wagtda arzanyň tassyklanmagyna garaşýandygy aýdylýar.
Neşiriň berýän maglumatlaryna görä, täzelenen Primera Tesla Model 3, Mazda 6e we Volkswagen ID.7 ýaly modeller bilen bäsleşjek elektrik ulagyna öwrülse gerek. Täze önümi öndürmekde Nissan-yň Hytaýyň Dongfeng kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyk etmeginiň mümkindigi gyzyklanmany has hem artdyrýar.


08.06.2026 16:02
2.1k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.7k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.3k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....