Germaniýada göçme agaç jaý döredildi: ony söküp, göçürmek bolýar

  • 20.03.2025 12:20
  • 6.9k+

Augsburg şäheriniň eteginde birnäçe gezek söküp, täze ýerde gaýtadan ýygnap bolýan House Anton II agaç jaýy hödürlendi. Bu özboluşly jaý binagärler Manfred Lýuks we Ançon Kanowas tarapyndan döredildi diýip, Design Boom habar berýär.

Jaýyň gurluşy sanly usul arkaly taýýarlanan agaç karkasda kub görnüşinde ýerine ýetirildi. Ähli elementler ýelimsiz we metal berkidijisiz arkaly birikdirildi, bu hem jaýy aňsatlyk bilen sökmäge we täze ýerde ýygnamaga mümkinçilik berýär.
Binagärler 80 santimetrlik gurluş toruny göz öňünde tutdy. Ol jaýyň uzynlygyny we beýikligini bir gatdan üç gata çenli üýtgetmäge mümkinçilik berýär. Iň ýokarky gatyň üçegi klimat aýratynlyklaryny gowulandyryp, ýaşaýyş rahatlygyny ýokarlandyrýar.

Jaý Augsburgyň golaýyndaky Zibentiş tokaýynda ýygnalan işlenilmedik dagdan agajyndan guruldy.
Jaýyň içindäki karkas saklaýyş funksiýasyny ýerine ýetirýär – ony şkaf we tekje hökmünde ulanmak bolýar. Jaýyň umumy meýdany 80 inedördül metre barabar.




08.06.2026 08:03
5.3k+

Nemes türgeni 367 günde 367 marafon geçdi: zenan bir ýyldan gowrak wagt bäri ylgap ýör

Nemes türgeni Joýs Hýubner yzly-yzyna 367 günüň dowamynda 367 marafon geçip, bu ugurda dünýäde şeýle netije görkezen ilkinji zenan boldy. Bu täsin üstünlik barada Germaniýanyň Spiegel neşiri habar berýär....

25.05.2026 21:06
8k+

Nemes inženerleri betonyň ýerine plastik we toprak ulanyp, köpri gurýarlar

Germaniyada awtomobil köprülerini gurmagyň täze usuly ulanylyp başlandy, onda adaty demir-beton gurnamalaryň ýerine dykyzlandyrylan toprak we plastik torlar ulanylýar....

16.05.2026 09:28
5.5k+

Germaniýadaky taşlanan metallurgiýa zawody sungat meýdançasyna öwrüldi

ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girýän Germaniýanyň «Fölklinger Hýutte» senagat toplumynda «Urban Art Biennale 2026» atly köçe sungatynyň sergisi açylýar. Bu gyzykly çäre dünýäniň 17 ýurdundan gelen......

30.04.2026 18:21
10k+

Timminiň halas edilişi: örküçli läheň baržada Baltika deňzinden Demirgazyk deňzine göçürilýär

Mart aýyndan bäri Germaniýanyň kenarýakasyndaky ýalpak suwlarda galan Timmi atly örküçli läheňi baržanyň kömegi bilen Demirgazyk deňzine tarap göçürmäge başladylar. Bütin dünýäniň yzarlaýan bu ägirt uly halas......