Wenera uçuryljak ilkinji hususy missiýa 2026-njy ýylyň tomsuna süýşürildi

  • 20.03.2025 13:54
  • 2.9k+

Wenera uçuryljak ilkinji hususy missiýa 2026-njy ýylyň tomsuna süýşürildi. NASA-nyň Eýms barlag merkeziniň inženerleri zonda ýylylykdan goraýjy ekranyň gurlandygyny aýtdy diýip, Space.com habar berýär.

Taslama Rocket Lab kompaniýasy tarapyndan Massaçusets tehnologiýalar institutynyň hünärmenleri bilen 2022-nji ýyldan bäri durmuşa geçirilýär. Bu missiýa bary-ýogy bäş ýarym minut dowam eder. Uçurylýan apparat zonduň güýçlendiriji blokyndan aýrylar we Weneranyň atmosferasyna girer. Onuň esasy wezipesi planetanyň bulutlaryndan organiki molekulalary gözlemek.
Apparatyň taýyn däldigi sebäpli, uçuryş eýýäm birnäçe gezek yza süýşürildi. Iň soňky gezek, 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda inženerler uçuş penjiresini sypdyrdylar we indi 2026-njy ýylyň tomsunda meýilleşdirilýän indiki birine garaşýarlar.
Bu gezek Rocket Lab öň hiç haçan uçmadyk täze Neutron raketa-göterijini ulanmagy meýilleşdirýär. Kompaniýa ozal missiýalary synagdan geçen Elektron raketasynda ýola goýupdy.


düýn 10:53
1.6k+

Pagta süýjüsinden hem ýeňil: NASA aşa ýeňil bolan iki ekzoplanetany açdy

NASA-nyň TESS kosmos obserwatoriýasy ýerdäki teleskoplar bilen bilelikde dykyzlygy adatdan daşary pes bolan iki sany ekzoplanetany ýüze çykardy. Olar bir ulgamda ýerleşip, özara orbital täsirler arkaly......

düýn 09:54
4.1k+

Alymlar: ýaşlar häzirki wagtda öňkä garanyňda has çalt garraýar

Nature Medicine žurnalynda çap edilen täze gözleg häzirki ýaş nesliň özlerinden öňki nesillere garanyňda, şol bir ýaşda has ýokary biologiki ýaşda bolup biljekdigini görkezdi....

26.06.2026 23:37
4.2k+

Alymlar Ýerdäki iň gadymy krateriň ýaşyny takyklady

Kertin uniwersitetiniň we Günbatar Awstraliýanyň Geologik gullugynyň alymlary Ýerde mälim bolan iň gadymy krateriň ýaşynyň, takmynan, 3 milliard ýyla deňdigi baradaky netijä geldi. Bu ylmy işiň netijeleri......

26.06.2026 15:40
2k+

Jeýms Webb «GJ504b» ekzoplanetasynyň üýtgeşik gülgüne reňkiniň sebäbini düşündirdi

«Jeýms Webb» kosmos teleskopy Ýerden, takmynan, 57 ýagtylyk ýyly uzaklygynda ýerleşýän «GJ504b» ekzoplanetasynyň geň galdyryjy gülgüne reňke eýe bolmagynyň sebäbini anyklamaga kömek etdi....