Kolin Farrell “Seržant Rok” atly super gahrymanly filmde baş keşbe dalaş edýär

  • 20.03.2025 12:06
  • 1.5k+

DC Studios-yň super gahrymanly “Seržant Rok” filminde baş keşbi Kolin Farrele bermek göz öňünde tutulýar. "Suspiriýa" filmi bilen tanalýan Luka Guadanýino taslamanyň režissýory wezipesine bellendi diýip, Deadline neşiri habar berýär.

Aslynda baş keşpde Deniel Kreýg oýnamalydy, ýöne aktýor taslamany terk etdi.
Komiksde Seržant Rok - Ikinji jahan urşunyň weterany. Wakany ekranlaşdyrmaklyga birnäçe gezek synanyşyk edildi. Ozal bu keşbe, hatda Brýus Li bilen Arnold Şwarsenegger hem dalaş edipdi.
Filmiň çykjak senesi entek yglan edilmedi. Filme Jeýms Gan (“Galaktikanyň goragçylary” (“Стражи Галактики”)) prodýuserlik eder. Edebi esasyny öň Guadanýino bilen “Dalaşgärler” (“Претенденты”) filminiň üstünde işlän Jastin Kuritskes ýazdy.
Kolin Farrell “Betmende” we “Pingwin” serialynda oýnamak bilen, DC bilen eýýäm hyzmatdaş bolupdy. Ýylyň ahyryna çenli aktýor Margo Robbiniň “Uly batyrgaý ajaýyp başdan geçirme” (“Большое смелое прекрасное приключение”) filminde surata düşer.


düýn 09:56
1.9k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

düýn 09:53
1.5k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......

17.06.2026 11:26
2.3k+

"Melgun Prada geýýär" milliard dollarlyk film franşizasyna öwrüldi

"Melgun Prada geýýär" filminiň dünýä boýunça umumy kassa girdejisi 1 milliard dollardan geçdi. Bu barada Variety žurnaly ýazýar....

17.06.2026 11:13
4.6k+

Müňlerçe ýyl iş bolan ýedi meseläniň birini çözen matematik barada film düşürildi

Internetde ýakyn wagtda tomaşaçylara ýetiriljek «Witrindäki nusga» («Витринный экземпляр») atly çeper filmiň ilkinji treýleri peýda boldy. Bu ekran eseri dünýä belli rus matematigi Grigoriý Perelman barada......